Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Hökümete garşy ýöriş geçirilýär


Pakistanyň paýtagty Yslamabatda hökümete garşy çykyş edýän müňlerçe protestçi ýöriş geçirdi. Protestçiler hökümetiň çekilmegini isleýärler.

Kriket boýunça öňki sportsmen häzir syýasatçy Imran Han we wagyzçy Tahir-ul Kadri 14-nji awgustda Pakistanyň garaşsyzlyk güni müňlerçe adamyň gatnaşmagynda aýra-başga ýöriş geçirýändigini yglan etdiler.

Imran Han we Kadri premýer-ministr Nawaz Şarifiň hökümet başyna geçmegine mümkinçilik beren 2013-nji ýylyň saýlawlarynyň galp bolandygyny aýdýarlar we Nawaz Şarifiň wezipesinden çekilmegini hem-de ýurtda täze saýlawlarynyň geçirilmegini isleýärler.

Pakistanyň häkimiýetleri protestçileriň ýörişleri parahatçylykly geçirmek barada wada berensoň çärelere rugsat berdiler.

XS
SM
MD
LG