Sepleriň elýeterliligi

Mekdep: körpeleriň kynçylygy


Alty ýaşly mekdep okuwçylary

Alty ýaşly mekdep okuwçylary

2014-2015-nji okuw ýylynda okajak 110 müňe golaý ýaşajyk, esasan hem alty ýaşyndaky türkmenistanly çagalar ýurduň orta mekdepleriniň bosagasyndan ätlär. Mälim bolşy ýaly, ýurtda 11-12 ýyllyk orta bilime geçilmegi bilen öň çagalar baglarynda terbiýelenýän alty ýaşly çagalar orta mekdeplere kabul edilip başlandy.

Resmi mediada bu çagalar üçin mekdeplerde zerur bolan ähli şertleriň döredilendigi barada häli-şindi raport berilýär. Şeýle-de täze okuw ýylynyň başynda ýurt boýunça 59 sany täze umumy bilim berýän orta mekdepleriň açyljakdygy hem-de olarda 31 müň 800 okuwçynyň okap biljekdigi barada resmi metbugatda habar berilýär.

Ozaldan bar bolan mekdepleriň käbirlerinde öň ulanylmaýan klaslar alty ýaşly çagalar üçin okuw klaslaryna öwrüldi. Käbir mekdeplerde olar üçin ýörite aýratyn hajathanalar döredildi. Hatda alty ýaşly çagalary uly klaslaryň okuwçylary dyknyşyk döräp, basalamaz ýaly iň körpe okuwçylar üçin öňki ýangyn çykalgalary aýratyn girelgelere öwrüldi.

Mundan başga-da alty ýaşly okuwçylaryň arakesme jaňlary hem uly klaslardan aýratyn kakylýar. Şeýle-de bu okuwçylar günde 3-4 sapak okap, sapaklary 35 minut dowam edýär. Käbir mekdeplerde bolsa çagalaryny wagtynda alyp gidip bilmedik, gijä galýan ene-atlar üçin çagalary sapaklardan soň ýene 1-2 sagat mekdepde saklap hem bilýärler.

Ýörite klaslar

Emma bu döredilen şertlere garamazdan, mekdeplerde entegem alty ýaşlylar üçin ýörite okuw klaslary ýetmezçilik edýär. Käbir mekdepleriň mugallymlarynyň özleri hem mekdeplerinde klas otaglarynyň ýetmeýändigini tassyklaýarlar.

Mysal üçin, paýtagtyň 55-nji orta mekdebinde alty ýaşlylaryň okaýan klaslarynda uly klas okuwçylary hem okaýarlar. Olar üçin aýratyn klas bolmansoň, okuwdan soň ene-atalary alyp ýetişmedik çagalar uly klas okuwçylarynyň sapak geçýän klasynda sapak mahaly oturyp, hossarlaryna garaşmaly bolýarlar.

Mekdebiň mugallymlarynyň aýtmaklaryna görä, alty ýaşly çagalary sapaklardan soň saklamak üçin mugallymlaram ýetenok, klas otaglaram ýok. Olara sapaklaryň arasynda dynç alar ýaly ýörite otaglar hem ýok. Ýogsa, mugallymlaryň aýtmaklaryna görä, ýörite diwan ýa-da kürsüli dynç alyş otaglary bolmaly eken.

Mekdepleriň köpüsinde öňem klas otaglarynyň ýetmezçiligi sebäpli okuw iki tapgyrda alnyp barylýar. Bu mekdebiň mugallymlary şolar ýaly iki tapgyrda okalýan 55-nji mekdepde şu ýyl klas otaglarynyň ýetmezçiliginiň has-da duýuljakdygyny aýdýarlar. Çünki geçen ýylky kabul edilen 6 we 7 ýaşly birinji klas okuwçylarynyň üstüne şu ýyl ýene-de birinji klas okuwçylary kabul edilip, 10-njy klasy tamamlanlar bolsa ýene-de okuwlaryny dowam etdirerler.

Ene-atalaryň kynçylyklary

Alty ýaşly mekdep okuwçylarynyň mekdebe kabul edilmegi geçen ýylky alty ýaşly okuwçylaryň ene-atalary üçin hem käbir kynçylyklary döredipdir. Ylaýta-da, ene-atanyň ikisi hem işleýän maşgalalara sapaklardan soň öz çagalaryny mekdepden öz wagtynda alyp gaýtmak kyn bolupdyr. Çünki alty ýaşly mekdep okuwçylaryny mekdepden diňe olaryň ene-atalary ýa-da ýakyn hossarlary alyp gaýdyp bilýärler.

Mekdebiň daşynda çagalaryna garaşyp duran ene-atalar

Mekdebiň daşynda çagalaryna garaşyp duran ene-atalar

Şonuň üçin, käbiri okuwçylaryň ene-atalary öz ýakyn hossarlaryndan çagalaryny mekdepden almagy haýyş eden bolsalar, käbirleri hakyna ýörite eneke tutmaly bolupdyrlar. Galyberse-de, işleýän ene-atalaryň käbirleri üçin öň uzyn gün çagalar bagynda boljan alty ýaşly çagalaryny indi okuwdan soň öýde saklamak hem goşmaça kynçylyk döredýär.

Umuman, ýurtda orta bilimiň möhletiniň 11-12 ýyla ýetirilmeginiň döwrüň talaby hökmünde garşy alynýandygyna garamazdan, bu ugurda edilmeli işleriň köpdügini bilim işgärleriniň özleri hem aýdýarlar. Olar mekdeplerde alty ýaşly okuwçylar üçin göz öňünde tutulan şertleriň ählisi resmi medianyň raportlarynda däl-de, hakyky durmuşda döredilmelidigini nygtaýarlar.

Geçen okuw ýylynda ýurduň orta mekdeplerinde birinji klasa jemi 190 müňden gowrak okuwçy kabul edildi. Şolaryň 109 müňe golaýy alty ýaşyndaky çagalar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG