Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew Kremle garşy sanksiýalary goldady


Ukrainanyň parlamenti.
Ukrainanyň parlamenti.

Ukrainanyň parlamenti hökümete Russiýa garşy sanksiýalary girizmäge ygtyýar berýän kanuny kabul etdi.

Bu kanun 14-nji awgustda soňky diňlenişikde kabul edildi.

Bu kanun taslamasynda Ukrainada “terrorçylygy” maliýeleşdireni we goldany üçin Russiýadaky we beýleki ýurtlardaky 65 gurama we 172 adama garşy sanksiýalar girizilýär. Emma bu sanksiýalaryň güýje girmegi üçin olary Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we Goranmak geňeşi tassyklamaly.

Ukrainanyň parlamenti bolan “Ýokary Radanyň” jemi 244 kanunçykaryjysy bu aýdylýan sanksiýalary goldady.

14-nji awgustda geçirilen ses berişlikden soň premýer-ministr Arseniý Ýatsenýuk (Arseniy Yatsenyuk) Ukraina taryhy ädim ätdi diýdi: “Sanksiýalar baradaky kanuny kabul etmek bilen biz ýurduň öz-özüni goramaga ukyplydygyny görkezdik. Kanun biziň milli howpsuzlygymyza, hökümetimize we raýatlarymyza howp salýan islendik terroriste we agressora anyk jogap bolmaly”.

Garşysyna sanksiýalar girizilen rus graždanlarynyň we kompaniýalarynyň atlary, prezident Petro Poroşenko kanuna gol goýýança, köpçülige mälim edilmez.

"Kanun diňe..."

Muňa garamazdan, Ukrainanyň döwleti tarapyndan dolandyrylýan energiýa firmasy “Naftogaz” özüniň 13-nji awgustda ýaýradan beýanatynda Russiýa garşy geljekde amala aşyryljak sanksiýalarda Russiýanyň “Gazprom” kärhanasy nyşana alynmaz diýdi.

“Sanksiýalar baradaky kanunyň kabul edilmegi islendik gurama, şol sanda “Gazproma” garşy sanksiýalaryň göni amala aşyrylýandygyny aňlatmaýar. Kanun diňe sanksiýalaryň girizilmegi üçin kanuny taýdan hukuk berer” diýlip, Ukrainanyň “Naftogaz” energiýa firmasynyň beýanatynda bellenilýär.

Kanunyň 12-nji awgustda birinji diňlenişikde kabul edilen görnüşinde milli howpsuzlyga wehim salýan köpçülikleýin habar serişdelerini senzurlamaga ygtyýar berýän madda hem bardy. Emma şol madda kanunyň soňky gönüşinden aýryldy.

Hukuk goraýjy aktiwistler gürrüňi gidýän kanunyň Ukrain geňeşine metbugaty çäklendirmek üçin “gazaply” ygtyýary berjekdigini we ýurdy sowet döwründäki ýaly derejede senzura uçradyp biljekdigini aýtdylar.

“Dogry ugurda ädilen ädim”

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç (Dunja Mijatovic) öz beýanatynda kanundan metbugat baradaky maddalaryň aýrylmagy “dogry ugurda ädilen ädim” diýip, muňa gowy baha berdi: “Metbugat baradaky maddalar Ukrainadaky metbugat azatlygyna we plýuralizme howp salyp bilerdi. Kanunçykaryjylar kanundaky bu maddalary aýyrmak bilen, söz azatlygyny çäklendirmegiň deregine, öz pikiriňi erkin beýan etmek, metbugat azatlygyny goramak we bu gymmatlyklara kepil geçmek has zerur diýen karara geldiler”.

Şeýle-de 14-nji awgustda Ukrainanyň parlamenti ýurduň gaz-tranzit desgalaryny Ýewropa Bileleşiginiň we Birleşen Ştatlaryň firmalarynyň gatnaşmagyndaky bilelikdäki kärhanalara kireýine bermäge ygtyýar berýän kanuny kabul etdi.

Kanunda bu işde Ukrainanyň 51% paý eýesi boljakdygy we daşary ýurtly partnýorlara onuň 49%-niň hödürlenjekdigi bellenilýär. Bu tranzit gazgeçiriji turbalaryny we ýerasty gaz saklaýyş desgalaryny öz içine alýar.

Gürrüňi edilýän kanun kanunçykaryjylaryň 228 sanysynyň ses bermegi esasynda kabul edildi. Munuň özi kanunyň kabul edilmegi üçin zerur bolan sesleriň sanyndan iki ses köpdür.

XS
SM
MD
LG