Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede iň köp türkmen studentleri okaýar


Türkmenistan Türkiýede okaýan daşary ýurtly studentleriň sany boýunça birinji orunda ýerleşdirildi.

Türkiýäniň Bilim ministrliginiň berýän maglumatyna görä, ýurtda 48 müň 183 sany daşary ýurt studenti okaýar we olaryň 6 müň 941 sanysy türkmenistanly studentlerdir. Bu san Türkiýede okaýan daşary ýurt talyplaryň iň köpüsiniň türkmenistanlylardygyny aňladýar.

Ministrligiň maglumatynda 6 müň 901 sany studenti bilen Azerbaýjan ikinji, 4 müň 343 sany studenti bilen Eýran üçünji orunda ýerleşdirilipdir.

Soňky ýyllarda türkmenistanly ýaşlar ýokary bilim almak üçin iň köp Türkiýe, Belarus, Ukraina ýaly ýurtlara gidýärler.

XS
SM
MD
LG