Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Çeçen söweşijileri ele salynmady


“Donbas batalýony” Ukrainanyň gündogaryndaky orsparaz söweşijileriň tarapynda söweşýän 46 hakynatutma çeçeni ele salandygy baradaky maglumatlary ret edýär. Agzalýan bu batalýon Ukrainanyň milli gwardiýasyndaky meýletin ýarymharby birleşikdir.

Bu waka bilen baglanyşykly henize çenli Moskwa ýa-da Grozny tarapyndan resmi maglumat ýaýradylmady.

Mundan öň, Ukrainanyň Armiýasy çeçen lideri Ramzan Kadyrowa ygrarly söweşijileriň Ukrainadan gitmäge rugsat berilmegini sorandyklaryny habar beripdi. Kadyrow bolsa, Ukrainanyň gündogaryna öz harbylaryny ugradandygy baradaky maglumatlary inkär edýär.

XS
SM
MD
LG