Sepleriň elýeterliligi

Germaniýa Yraga kömek ugratdy


Germaniýanyň ýaragly güýçleri “Yslam döwletiniň” söweşijilerinden gaçyp, Yragyň demirgazygyna ýerleşen müňlerçe adama ynsanperwer kömegini ugradyp başlady.

Medisina serişdelerinden, azyk önümlerinden, ýorgan-düşekden we beýleki ynsanperwer kömekden ybarat Germaniýanyň ilkinji uçary 15-nji awgustda Yragyň Irbil şäherine tarap ugrady. Bu şäher Yragyň awtonom Kürt regionynyň paýtagtydyr. Şu günüň dowamynda has köp ynsanperwer kömeginiň ugradylmagyna garaşylýar.

15-nji awgustda "Luebecker Nachrichten" gazetine beren interwýusynda nemes kansleri Angela Merkel Germaniýa Yragy ýarag bilen üpjün etmez diýdi.

XS
SM
MD
LG