Sepleriň elýeterliligi

Ukraina rus kerwenini derňeýär


Ukrainanyň häkimiýetleri Moskwanyň ynsanperwer kömek diýip atlandyrýan rus kerwenini derňäp başladylar.

Resmiler 250-den gowrak ýük maşyndan ybarat kerweni derňemek üçin Ukrainanyň onlarça serhet gullukçysynyň we gümrük ofiseriniň Russiýanyň araçägine geçendigini aýdýarlar.

Russiýa ýük maşynlarda Ukrainanyň gündogaryndaky adamlar üçin suw, azyk önümleri ýaly ynsanperwer kömegiň bardygyny aýdýar. Emma Günbataryň resmileri Orsýetiň ynsanperwer kömegini eltmek mümkinçiliginden Ukrainanyň gündogaryna öz goşunlaryny ibermek üçin peýdalanyp biljegine aladalanýarlar.

Bu aralykda, Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk şäheriniň häkimiýetleri soňky 24 sagadyň dowamynda amala aşyrylan hüjümlerde parahat ilatdan 11 ýaşaýjynyň öldürilendigini habar berdiler.

XS
SM
MD
LG