Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Dünýä türkmenlerine goldaw "çäkli"


Dünýäniň dürli ýurtlaryndaky türkmenler "Dünýä türkmenleri ynsanperwer birleşigi" tarapyndan çäkli hemaýatyň edilýändigini aýdýarlar.

Dünýäniň dürli ýurtlaryndaky türkmenler "Dünýä türkmenleri ynsanperwer birleşigi" tarapyndan çäkli hemaýatyň edilýändigini aýdýarlar.

Garaşsyzlykdan soň Türkmenistanda dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan etniki türkmenler bilen gatnaşyklary ösdürmeklik üçin "Dünýä türkmenleri ynsanperwer birleşigi" diýen ýörite bir guramanyň döredilendigi aýdylýar.

"Dünýä türkmenleri ynsanperwer guramasy" eýýäm onlarça ýyldan bäri dürli ýurtlardan çagyrýan etniki türkmenleri bilen Aşgabatda ýygnaklar geçirip gelýär. Golaýda geçiriljek nobatdaky ýygnak mynasybetli Türkmenistanyň metbugaty, "Dünýä türkmenleri ynsanperwer" guramasynyň dürli ýurtlardaky wekilhanalary we wekilleriniň üsti bilen gatnaşyklaryň hasam ösýändigi barada maglumatlar çap etdi.

Azatlyk Radiosy, Türkmenistan metbugatyndaky şeýle habarlardan ugur alyp, "Dünýä türkmenleri ynsanperwer birleşigi" guramasynyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň we wekilleriniň alyp barýan işleri, ýygnaklaryň nähili geçirilýändigi we etniki türkmenleriň nähili meselelerine garalýandygy barada ýygnagyna gatnaşýan-gatnaşmaýan, gatnaşmaga synanşan we indi şol ýygnaklara çagyrylmaýan dürli ýurtlarda ýaşaýan etniki türkmenleriň wekilleri bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan etniki türkmenleriň wekilleri "Dünýä türkmenleri" gepleşiginde, "Dünýä türkmenleri ynsanperwer birleşigi" guramasynyň alyp barýan işleri barada Türkmenistanyň metbugatynda çap edilýän habarlary öz başdan geçirmeleri bilen deňeşdirip, bu temada öz pikirdir-garaýyşlaryny, bellikdir-tekliplerini paýlaşdy. "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny diňläp, bu temadaky öz pikirleriňizi dünýä türkmenlerine ýetirmäge çagyrýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG