Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen we daşary ýurt ÝOJ-lary


Türkmenistanda okuwdan öýlerine gaýdyp barýan talyp ýaşlary.
Türkmenistanda okuwdan öýlerine gaýdyp barýan talyp ýaşlary.

Täze 2014/15-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna 6 müňden gowrak täze talyp gadam basar. Mälim bolşy ýaly, türkmen ÝOJ-larynyň okuw prosessi, mugallym-talyp gatnaşyklary, ýörite okuw formasy, köpçülikleýin çäreler ýaly özüne mahsus aýratynlyklary bar.

Şol bir wagtda, daşary ýurduň ÝOJ-larynda hem on müňlerçe türkmen talyby bilim alýar. Eýsem, Türkmenistanyň ÝOJ-lary bilen deňeşdirilende daşary ýurtlaryň uniwersitetdir institutlarynyň nähili tapawutlyklary bar? Siziň pikiriňizçe, Türkmenistan daşary ýurt okuw jaýlarynyň haýsy tejribelerinden peýdalanyp biler?

Nobatdaky Täze Tolkun gepleşigimizde şu barada gürrüň ederis. Bu baradaky pikir-garaýyşlaryňyzy gepleşigimize gatnaşyp beýan etmek isleseňiz, biziň hat@azatradio.org email adresimize hat ugradyň, özümiz siziň bilen habarlaşarys.

XS
SM
MD
LG