Sepleriň elýeterliligi

Lawrow: Kerwen derňewden geçdi


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow rus ynsanperwer kömegini Ukrainanyň gündogaryna geçirmek barada Ukraina we Halkara gyzyl haç guramasy bilen ylalaşyga gelindi diýýär.

Lawrow bu barada Ukrainanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň daşary işler ministrleri bilen bäş sagat dowam eden gepleşiginden bir gün soň, 18-nji awgustda mälim etdi.

Russiýanyň ençeme ýük maşynyndan ybarat uly kerweni 18-nji awgusta çenli Russiýanyň Ukraina bilen serhediniň golaýynda saklanyldy. Russiýa bu kerwende Ukrainanyň Luhansk we Donetsk şäheriniň ýaşaýjylary üçin ynsanperwer kömegiň bardygyny aýdýar.

NATO we Kiýew ynsanperwer kömegini ugratmak bahanasy bilen, Russiýanyň Ukraina öz goşunlaryny ýerleşdirmäge synanyşmagyndan aladalanýarlar.

XS
SM
MD
LG