Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Assanj ilçihanany terk etjek diýýär


“WikiLeaks” saýtyny esaslandyryjy Julian Assanj (Julian Assange) ýakynda Ekwadoryň Londondaky ilçihanasyndan gitjekdigini aýdýar. Ol bu ýerde iki ýyldan gowrak wagt bäri ýaşaýar.

Assanj 18-nji awgustda geçiren metbugat ýygnagynda “Men ýakynda ilçihanadan giderin” diýdi, emma ol bu barada jikme-jik maglumat bermedi.

43 ýaşyndaky Assanjyň ilçihanany terk eden ýagdaýda, tussag edilmegine garaşylýar. Ol Şwesiýa ekstradisiýa edilmekden gaça durmak üçin 2012-nji ýylda Ekwadoryň Londondaky ilçihanasyndan gaçybatalga alypdy. Assanj Şwesiýada aýal maşgala jynsy zorluk etmek aýyplamalary bilen baglanyşykly sorag edilmek bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

XS
SM
MD
LG