Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda ýertitreme boldy


Eýranyň günbatarynda 6,3 bal derejesinde ýeryranma boldy. Birleşen Ştatlaryň Geologiýa gullugynyň berýän maglumatyna görä, ýertitremäniň episentri 18-nji awgustda Eýranyň Yrak bilen serhediniň golaýyndaky Abdanan şäheriniň 36 kilometr günorta-gündogarynda bolupdyr.

Maglumatlara görä, bu ýeryranmada adam ýitgileri bolmandyr. Emma Eýranyň ýerli häkimi Mohammad Reza Morwaridiň sözlerine görä, wakada birnäçe ýaşaýjy ýaralanypdyr we ençeme bina zeper ýetipdir.

Şeýle-de, bu ýertitreme Eýranyň goňşy welaýatlarynda hem duýlupdyr.

Seýsmiki zolagda ýerleşýän Eýranda ýertitremeler ýygy-ýygydan bolýar. Geçen ýylyň aprel aýynda Eýranyň günorta-gündogarynda we goňşusy Pakistanda bolan 7,8 bal derejesindäki ýertitremede 40 adam heläk bolupdy.

2003-nji ýylyň dekabr aýynda Eýranyň günorta-gündogaryndaky Bam şäherinde bolan ýertitremede 26 müň adam heläk bolupdy.

XS
SM
MD
LG