Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Hanyň çagyryşy ret edildi


Pakistanyň oppozision partiýalary hökümeti agdarmak üçin köpçülikleýin raýat boýun egmezligini geçirmek barada syýasatçy Imran Han tarapyndan edilen çagyryşdan özlerini çetde tutdylar.

Bu aralykda Yslamabatda geçirilýän protestler döwründe ýurdy durnuksyzlaşdyrýan bäş günlük syýasy garşy durmanyň soňuna ýetmek maksady bilen 18-nji awgustda Pakistanyň paýtagtynda gepleşikler başlandy.

Pakistanyň “Tehreek-e-Insaaf” partiýasyna ýolbaşçylyk edýän Han hökümetiň işden çekilmegini talap edip, Lahor şäherinden Yslamabada ýöriş geçirýän müňlerçe tarapdaryna ýolbaşçylyk etdi.

17-nji awgustda Han premýer-ministr Nawaz Şarifi ýurduň milli baýlygyny öz şahsy biznes imperiýasyny baýlaşdyrmak üçin talamakda aýyplap, halka häzirki hökümete kommunal hyzmatlar üçin tölegleri we salgytlary tölemezlige çagyryş etdi.

XS
SM
MD
LG