Sepleriň elýeterliligi

"Tüýs ýürekden islenilýän" heýkel


Gözel Şagulyýewa öz poemasynda prezidentiň heýkeliniň “ýurduň... dünýäň jümmüşinde” oturdylmagyna “mynasypdygyny” tekrarlaýar.

Gözel Şagulyýewa öz poemasynda prezidentiň heýkeliniň “ýurduň... dünýäň jümmüşinde” oturdylmagyna “mynasypdygyny” tekrarlaýar.

Mundan bir aý töweregi ozal ýokary wezipeli türkmen resmileri Gurbanguly Berdimuhamedowa “paýtagtyň görnükli ýerleriniň birinde” onuň öz heýkelini oturtmagy teklip etdiler.

Türkmensitanyň wise-premýeri we daşary işler ministri Raşid Meredowyň 24-nji iýulda eden bu teklibini, Demokratik partiýanyň ýolbaşçysy Kasymguly Babaýew hem goldady we heýkel barada ýurduň wezipeli adamlaryndan we adaty raýatlaryndan “köpsanly teklipleriň gelendigini” ýurt baştutanynyň dykgatyna ýetirdi.

Ýokary derejeli türkmen resmileriniň bu haýyşyna G.Berdimuhamedow bada-bat anyk jogap bermän, “halkyň isleginiň mukaddesdigini” we bu meselede “halk bilen maslahatlaşylmalydygyny” aýtdy.

Metbugat

Şondan soň, türkmen metbugatynda prezidentiň heýkeliniň oturdylmagyny goldap ýazylan makalalardyr, türkmenistanlylaryň hatlary çap edilip başlandy. Bu makalalaryň we hatlaryň ählisi diýen ýaly birtaraply bolup, olarda prezidentiň heýkeliniň oturdylmagy “iki elläp” goldanylýar.

G.Şagulyýewanyň poemasy

G.Şagulyýewanyň poemasy

Bu hatlaryň käbirinde Aşgabatda prezidentiň heýkeliniň goýulmagyna “sabyrsyzlyk” bilen garaşylýandygy aýdylýan bolsa, beýlekilerinde bu teklibi “tüýs ýürekden goldaýarys” diýip ýazylýar. Mysal üçin, Türkmenistan gazetiniň 28-nji iýulynda “Halkyň ýürek sözi” rubrikasy astynda çap edilen TOHU-nyň (Türkmen oba hojalyk uniwersiteti) mugallymynyň hatynda heýkeliň oturdylmagy “diňe wagt meselesi” hökmünde görkezilipdir: “Gahryman Arakadagymyzyň heýkeliniň sungat ussatlary, iň ussat heýkeltaraşlar tarapyndan taýýarlanylyp, paýtagtmyzyň gözelligine görk goşjak, buýsanjymyzy artdyrjak günleri daş däl, biz ol günlere sabyrsyzlyk bilen garaşýarys!”

Agzalan gazetiň şol sanynda Aşgabat şäheriniň başga bir ýaşaýjysynyň haty-da “Tüýs ýürekden goldaýarys” diýen sözbaşy bilen çap edilipdir. Awtor “Size şöhrat, Arkadag!” diýen goşgy bilen üstüni ýetirip, öz hatyny jemläpdir.

Prezidentiň heýkeliniň oturdylmagyny goşgy setirleri bilen goldaýan diňe bir ýaňky agzalan awtor däl. Türkmenistan gazetiniň 5-nji awgustynda Tagangül Taganowanyň “Heýkel” atly goşgusy ýerleşdirilipdir. Awtoryň bu goşgusynda

Arkadaga ajap heýkel ýaraşýar,
ýoklady ýurdundan neşe apatyn” diýip ýazýar.

"Diňe paýtagtda däl..."

Munuň bilen birlikde 15-nji awgustda “Türkmenistan” we “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetlerinde türkmen we rus dillerinde Gözel Şagulyýewanyň “Şahyrdyr gahryman, mährem Arkadag” atly nobatdaky poemasy çap edildi.

Gözel Şagulyýewa bu poemasynda gös-göni prezidente ýüzlenip, onuň heýkeliniň diňe bir paýtagyň “görnükli” ýeri bilen çäklenmän, eýsem “ýurduň... dünýäň jümmüşinde” oturdylmagyna “mynasypdygyny” tekrarlaýar.

Prezidentiň heýkelini goýmak boýunça kampaniýa ýurduň elektron habar serişdelerinde hem giňden alnyp barylýar. Türkmen telewideniýesinde hem häli-şindi prezidentiň heýkelini paýtagtyň “iň görnükli ýerinde” goýulmagyny goldap, döwlet edara-kärhanalarda gurnalan ýygnaklardyr, maslahatlar baradaky gysgajyk reportažlar görkezilýär. Telewideniýede we radioda berilýän interwýularyň mazmuny hem gazetlerde ýazylanlardan o diýen tapawutlanmaýar.

Ýeri gelende aýtsak, türkmen resmileri 24-nji iýulda prezidentden öz heýkelini dikmäge “ygtyýar” soramazlaryndan owal, metbugatda “paýtagtyň gözel künjekleriniň birinde, görnükli ýerde arkadag prezidentiň” heýkeliniň oturdylmagyny sorap we goldap, hiç hili makalalar ýa-da hatlar çap edilmeýärdi.

Şol bir wagtda häzire çenli prezidentiň bu teklibi goldandygy ýa goldamandygy barada hem hiç hili resmi maglumat ýok.

Ýatlap geçsek, Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçeli bäri onuň diňe bir heýkeli ýasalypdy. Onuň at üstündäki ak reňkli heýkeli 2012-nji ýylyň 8-nji martynda zenanlar gününe gabatlanyp geçirilen güller sergisinde görkezilipdi. Bu heýkeliň awtory Saragt Babaýewdi. Emma şondan soň Gurbanguly Berdimuhamedowa hiç hili ýadygärlik dikilmändi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG