Sepleriň elýeterliligi

Kürtleriň suw bendini eýeländigi aýdylýar


Öz öýlerini terk eden yraklylar

Öz öýlerini terk eden yraklylar

Yragyň harbylarynyň howpsuzlyk güýçleriniň we kürtleriň “Peşmerga” toparynyň söweşijileriniň “Yslam döwletiniň” söweşijilerini strategiki we ykdysady taýdan möhüm Mosul suw bendinden kowup, ýurduň iň uly gidro-elektrostansiýasynyň gözegçiligini öz ellerine alandyklary aýdylýar.

Yragyň harbylarynyň metbugat wekili general-leýtenant Kasim Atta agzalan güýçleriň howadan urlan zarbalara daýanyp, öňe süýşendigini aýtdy.

Bu beýannama häzirlikçe garaşsyz çeşmelerden tassyklanmady.

“Yslam döwletine” degişli Tweetter hasabynda 18-nji awgustda bendiň henizem söweşijileriň doly gözegçiliginde galýandygy habar berildi.

Howa zarbalary

17-nji awgustda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ABŞ-nyň bendi söweşijileriň elinden almak we ABŞ-nyň Yrakdaky bähbitlerini goramak maksady bilen “Yslam döwletiniň” söweşijilerine garşy howadan zarba urandygyny aýtdy.

“Yslam döwletiniň” söweşijileri Mosuldaky suw bendini iki hepde mundan öň basyp alypdylar.

Söweşiji toparlaryň ýaňy-ýakynda Yragyň demirgazygynda amala aşyran hüjümleri ABŞ-nyň bu Ýakyn Gündogar döwletinde ýaragly toparyň garşysyna 2011-nji ýyldan bäri ilkinji gezek howadan zarba urmagyna sebäp boldy.

ABŞ-nyň Merkezi harby ýolbaşçylygy söweş uçarlarynyň, bombalaýjy uçarlaryň we uzakdan dolandyrylýan uçarlaryň 17-nji awgustda Mosul bendiniň golaýyndaky nyşanalara jemi 14 sany zarba urup, “Yslam döwletiniň” ençeme harby ulaglaryny we bir barlag-geçiş nokadyny ýok edendigini aýtdy.

16-njy awgustda şeýle zarbalaryň dokuz sanysy barada habar berildi.

17-nji awgustda “Peşmerga” uly möçberli gury ýer operasiýasyna başlap, gozgalaňçylaryň elindäki Mosulyň golaýynda ýerleşýän birnäçe obalary eline aldy.

Yragyň öňki daşary işler ministri kürt milletli Hoşýar Zebariniň BBC agentligine aýtmagyna görä, “Peşmerganyň” söweşijileri suw bendiniň üstündäki söweşlerde berk garşylyga uçrapdyrlar.

Söweşiň netijeleri

Yslam halyfatynyň düzgünlerini ýöretmegi maksat edinýän “Yslam döwleti” atly söweşijiler topary Yrakda we Siriýada uly giňişlikleri eýeläp, millionlarça adamyň öz öýlerini terk etmegine sebäp boldular.

200 000 gowrak adam, esasan ýezitler we hristian azlyklar, söweşijileriň awgustda Yragyň demirgazygynda eden basyşlarynyň astynda öz öýlerini terk etdiler.

Harbylaryň Mosulyň suw bendini gaýdyp almagy baradaky maglumatlar günbatar Anbar welaýatynda sünni arap tire-taýpalaryň söweşiji toparlarynyň goldawy bilen howpsuzlyk güýçleriniň “Yslam döwletine” garşy basyşlaryny güýçlendirmeginiň yzyzsüre peýda boldy.

17-nji awgustda goňşy Siriýada prezident Başar al-Assada boýun güýçler “Yslam döwletiniň” Rakkadaky galasyna hüjüm etdiler we onuň üstüne howadan 20-den gowrak hüjümi amala aşyrdylar.

XS
SM
MD
LG