Sepleriň elýeterliligi

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


Adamyň Twitter sosial ulgamynyň logotipini çekip duran pursady.

Adamyň Twitter sosial ulgamynyň logotipini çekip duran pursady.

Soňky günlerde wideoýazga düşürilen türkmen aýdymlarynyň sany köpelýär. Olaryň arasynda Myrat Öwezowyň “Aýnama”, Maral Çommyýewanyň “Zanowo naçat”, ýagny “Täzeden başlamak”, Şamyrat Orazowyň “Bu şäher” ýaly aýdymlary bar.

Türkmen aýdymçalarynyň ençemesiniň aýdymlaryny wideoýazga düşürýän Şatlyk Sopyýew tarapyndan gurnalan ýaryşda ýeňiji bolan Maral Çommyýewanyň täze klibi baradaky maglumat Sopyýewiň “VKontakte” sosial ulgamyndaky sahypasynda çap edilipdir.

Çommyýewanyň rus dilinde ýerine ýetiren aýdymynyň aşagynda “VKontakte” sosial ulgamynyň käbir agzalary “bet aýdylan aýdymdygyny” diýip, berekella berseler, käbirleri bolsa “ilkinji aýdymyny türkmençe aýtsa, has gowy bolardy” diýip, bu ugurdan öz tapawutly garaýyşlaryny beýan edipdirler.

8-nji awgustda çap edilen bu wideoýazgy 19-njy awgusta çenli 73 sapar halanyp, 10 gezek hem gaýtadan çap edilipdir we oňa jemi bäş teswir ýazylypdyr.

Twitter

Soňky döwürde Twitter sosial ulgamynda “Oýlanşyp ýaz” häştägi bilen tweet paýlaşýan Oýlanşyp ýaz atly agzanyň işjeňligi hem beýleki agzalaryň ünsüni özüne çekýäne çalym edýär. Soňunda “Oýlanşyp ýaz” häştägi ýazylyp paýlaşylan tweetleriň arasynda “Dünyä ajy bolsa, janyňy beýle söýmezdiň”, “Hiç bir kagyz bölegi 7 gezekden köp ikä eplenmez” ýaly ýazgylar bar. Oýlanşyp ýaz atly agzanyň "Söýgim üçin ölmäne taýýar" diýýänler! Ilki söýgiňiz üçin ýaşamagy başaryň!” diýen tweeti 6-njy awgustdan 19-njy awgusta çenli alty sapar halanyp, iki gezek hem gaýtadan çap edilipdir.

“Ertir.com”

“Ertir.com” sosial ulgamynda bolsa m§m atly agza tarapyndan “Öýlenmelimi ýa-da öýlenmeli däl?” ady bilen paýlaşylan tema agzalaryň käbirleriniň arasynda uly gyzyklanma döredipdir. 8-nji awgustda paýlaşylan bu tema 19-njy awgusta çenli 971 sapar okalyp, 31 gezek hem halanypdyr we oňa jemi 63 sany teswir ýazylypdyr.

Bu temada şeýle diýilýär: “...Bir topary aýdýar - "samsyk bolma… öýlen"... Beýlekiler aýdýar - "samsyk bolma… öýlenme" - diýýärler... Indi şu taýda samsyk bolmajak bolsaň, näme etmeli? Kim bolmaly onda? Eger-de öýlenmekçi bolsaň, onda nähili zenana? Ýaşy ulusy gowumy, ýaşy kiçisi?” diýlip soralýar.

Temanyň aşagynda ilkinji bolup teswir galdyran Wirus atly agza: “Öýlenmeli hem hakyky erkek bolmaly, galan problemalar özi düzelýär” diýip ýazypdyr. Abdurahman atly beýleki bir agza bolsa: “Aý, sen bu at dakyşyň bilen öýlenmän geçäýmeseň. Ýigitlik bir gyzyl güldür, wagty gelende öýlenen ýagşydyr diýen goşgyny eşitmediňmi? Şonuň üçin öýlen, saýlap bilmeseň, ejeňe saýlat, olar gowy saýlaýandyr diýýädi öýlenenler-ä” diýip, bu tema boýunça öz ýaňsyly garaýşyny ýazypdyr.

Aýjagaz atly ýene bir agza: “Aslynda men gyz maşgala bolup, "öýlen ýa-da öýlenme" diýip biljek däl, ýöne mydama adamda şol isleg dörän mahaly öýlenmeli diýip düşünýärin. Ýagny, belli bir adam bilen öz ömrüňi bile geçirmäge isleg dörände, öýlenmelimikä diýýän” diýip, ýönekeý durmuş pelsepesine daýanýan maslahaty beripdir.

XS
SM
MD
LG