Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karimow Hytaýa sapar edýär


Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow 19-njy awgustda Hytaýa resmi sapar edýär.

Özbegistanyň prezidentiniň metbugat-wekiliniň aýtmagyna görä, Karimowyň Hytaýyň ýolbaşçysy bilen duşuşygynda ýurtlar üçin özara bähbitli “esasy regional we halkara meselelere” serediler.

Karimow geçen gezek Hytaýyň prezidenti bilen maý aýynda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitiniň çäginde duşuşypdy. Şol gepleşiklerde Özbegistanyň Hytaýyň Ýüpek ýol ykdysady inisiatiwasyna gatnaşygy maslahat edilipdi.

Regional inisiatiwa Hytaýy Merkezi Aziýa ýurtlary bilen birleşdirýän tebigy-gaz geçirijisiniň ýaýbaňlandyrylmagyna gönükdirilýär. Şeýle-de Hytaýy Eýran we Baltiýa döwletleri bilen baglaşdyrmak boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň üstünden transport infrastrukturasynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar.

XS
SM
MD
LG