Sepleriň elýeterliligi

Missouri: Polisiýa 31 adamy tussag etdi


ABŞ-nyň Missouri ştatynda milli çaknyşyklaryň dowamynda polisiýa “agyr ok atyşykdan” soň 31 adamy tussag edendigini aýtdy. Bu ýerde 10 gün mundan öň polisiýa ýaragsyz garaýagyz oglany atyp öldürdi.

Polisiýanyň kapitany Ron Jonson geçen gije Ferguson şäherinde polisiýanyň protestçilere garşy gözi ýaşardýan gazy we sesli granatalary ulanandygyny aýtdy. Durnuksyzlyklaryň dowamynda iki adamyň atylyp öldürilendigi we dört polisiýa işgäriniň ýaralanandygy barada habar berildi.

Prezident Barak Obama baş prokuror Erik Holderiň ýetginjek oglanyň atylyp öldürilen Ferguson şäherine 20-nji awgustda barjagyny aýtdy. Obama jemgyýeti asudalyga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG