Sepleriň elýeterliligi

Yragyň harbylary basyşy güýçlendirdi


Yragyň harbylary “Yslam döwletiniň” söweşijilerini ýurduň öňki ýolbaşçysy diktator Saddam Huseýniň doglan ýeri bolan Tikrit şäherinden kowup çykarmak boýunça çärä başladylar.

Howpsuzlyk resmileriniň aýtmagyna görä, olar hüjümlerini günbatardan we günortadan amala aşyrmagy planlaşdyrýarlar.

Bagdaddan 140 kilometr uzaklykda ýerleşýän Tikrit şäheri “Yslam döwletiniň” söweşijileri tarapyndan iýun aýynda basylyp alnypdy. Geçen aýda Yragyň goşunlarynyň şäheri öz eline almak boýunça eden synanyşygy başa barmandy.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 18-nji awgustda eden çykyşynda yrak we kürt goşunlarynyň Mosul şäheriniň bentini söweşijileriň elinden basyp almagynyň “öňe tarap uly ädim bolandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň güýçleri Yragyň we Siriýanyň uly giňişliklerini basyp alan söweşijilere garşy şu aýyň başynda howadan zarba urup başladylar.

Şol bir wagtyň özünde-de BMG-niň Bosgunlar boýunça agentligi Yragyň demirgazygynda öz öýlerini terk etmäge mejbur bolan ýarym milliondan gowrak adamyň üpjünçiligi boýunça uly göwrümli ýardam çäresine başlady.

XS
SM
MD
LG