Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG azeri aktiwistlerini boşatmaga çagyrdy


BMG-niň adam hukuklary boýunça bilermenleri Azerbaýjanda adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň yzarlanmagyny ýazgardylar we Bakuny “repressiýalardan” el çekmäge çagyrdylar.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça baş komissarynyň edarasynyň ýaýradan beýannamasynda bellenmegine görä, bilermenler Azerbaýjanyň resmileriniň “galp aýyplamalar” esasynda aktiwistleri tussag etmek üçin gözegçiligi we sorag edişligi ulanmagyna uly aladalanma bildirýärler. Olar adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň jenaýatçylykda aýyplanmagy bes edilmeli, adalatsyz tussag edilen aktiwistler, şol sanda leýla Ýunus, Arif Ýunus, Rasul Jafarow we Intigam Aliýew “derhal boşadylmaly” diýip belleýärler.

Bilermenler toparyna BMG-niň adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň hukuklary, parahatçylykly ýygnanyşyklaryň azatlygy we pikir hem söz azatlygy boýunça ýörite hasabatçylary girýärler.

XS
SM
MD
LG