Sepleriň elýeterliligi

Hindistan: 21 adam demirýolda heläk boldy


Hindistanda bolan otly heläkçiliginde azyndan 21 adam wepat boldy. Ýurduň günbatarynda ýerleşýän Bihar welaýatynda ýolagçy otly demirýoly kesip geçip barýan içi adamly rikşa ulagyny urupdyr.

Demirýol geçelgesiniň açyk bolandygy aýdylýar. Heläkçilikde wepat bolanlaryň arasynda ýedi çaga we alty zenan heläk bolupdyr. Ýolagçylar golaýdaky Induizm ybadathanasyna dini saparyndan dolanýardy.

Demirýol heläkçilikleri Hindistanda köp bolýar. Bu ýurduň demirýol sistemasy dünýä ýüzünde iň uly hasaplanýar.

Maý aýynda Hindistanyň demirgazygyndaky Uttar Pradeş welaýatynda otly çaknyşygynda azyndan 40 adam wepat bolupdy.

XS
SM
MD
LG