Sepleriň elýeterliligi

Kiýew: Luhanskda söweş gidýär


Ukrainanyň hökümeti 19-njy awgustda hökümet güýçleriniň Ukrainanyň gündogarynda gozgalaňçylaryň elinde galýan iki şäheriň biri Luhanskda Orsýete tarapdar separatistlere garşy söweş alyp barýandygyny aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde-de Kiýewiň resmileri hökümet güýçleriniň gozgalaňçylaryň elindäki Donetskiň golaýynda hem ýene bir şäheri öz eline alyp, üstünlik gazanandygyny habar berdiler.

Şeýle-de Kiýew 19-njy awgustda bolan söweşleriň mundan bir gün öň Luhanskdan gaçyp çykan we söweşijiler tarapyndan öldürilendigi aýdylýan raýatlaryň jesetlerini gözlemek boýunça işlere zeper ýetirendigini aýtdy. Hökümet 15 raýatyň jesediniň tapylandygyny habar berdi. Orsýete tarapdar separatistler hüjümleri ret edýär we muny “gödek propaganda” diýip atlandyrýar.

Moskwada Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we “Halkara gyzyl haj komitetiniň” prezidenti Orsýetiň Ukrainanyň gündogary üçin niýetlenýändigini aýdýan ynsanperwer kömeginiň statusyny kesgitlemek boýunça “ýakyn sagatlarda aktiw netijelere” gelmek barada ylalaşdylar.

XS
SM
MD
LG