Sepleriň elýeterliligi

Owgan türkmenleri we “Talyban” howpy


Owganystandaky etniki türkmenleriň ýaragly topary.

Owganystandaky etniki türkmenleriň ýaragly topary.

Soňky wagtlarda metbugatda “Talyban” söweşijileriniň Owganystan-Türkmenistan araçäk sebitlerine edýän hüjümlerini ýaýbaňlandyrýandygy, hat-da häzir Owganystanda "Türkmen şura" ýagny "Türkmen geňeşiň" ýolbaşçysy Rozygeldi Öýçä ýagarly adamlaryň hüjüm edendigi baradaky habarlar halk arasynda "Owganystan türkmenleri we Türkmenistana "Talyban" howpy abanýarmy?" ýaly sowallaryň döremegine sebäp boldy diýilýär.

Eýsem, Owganystan bilen Türkmenistanyň serhet giňişligindäki "Talyban" hüjümleri nämäni aňladýar? Öz ýaşaýyş ýerlerini goramak üçin söweşýän Owganystanly etniki türkmenler we ýerli halk nähili kynçylyklara duçar bolýar?

Azatlyk Radiosy, hemmeleri bu temada şeýle sowallar esasynda taýýarlajak "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyna gatnaşmaga we pikirdir-garaýyşlary, teklipdir-bellikleri bilenem goşant goşmaga çagyrýar. Biziň habarlaşmak üçin salgymyz: hat@azatradio.org

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG