Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Proteçiler parlamenti gabawa almaga synanyşdy


Pakistandaky syýasy krizisi maslahat etmek üçin ýurduň kanunçykaryjylary bilen premýer-ministr Nawaz Şarif duşuşan mahaly müňlerçe protestçi Pakistanyň parlamentini gabawa almaga synanyşdy.

Netijede, kanunçykaryjylar maslahaty soňa goýup, Şarif bilen birlikde binany arka gapydan terk etdiler.

Pakistanda nobatdaky parlament ýygnagy 21-nji awgustda bolar. Bu ýygnaga Şarifiň gatnaşyp-gatnaşmajakdygy barada henize çenli takyk maglumat berilmeýär.

Pakistanyň oppozision syýasatçysy Imran Han we ruhany Tahir ul-Kadri tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän protestçiler bäş günden bäri Yslamadyň köçelerinde ýöriş geçirýärler.

19-njy awgustda protestçiler Yslamabadyň ýokary derejeli howpsuzlyk bilen üpjün edilen “gyzyl zona” diýlip atlandyrylýan territoriýasyna zor bilen girmegi başadyrlar.

Mundan öň, ýurduň howpsuzlyk güýçleri protestçileri esasy hökümet jaýlarynyň we daşary ýurt ilçihanalarynyň ýerleşýän bu sebitinden çetde tutjakdyklaryna wada beripdiler.

XS
SM
MD
LG