Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Çaknyşykda 34 adam öldi


Ukrainanyň Donetsk regionyndaky resmiler soňky 24 sagadyň dowamynda orsparaz separatistler bilen hökümet güýçleriniň arasynda bolan çaknyşyklarda 34 adamyň öldürilendigini aýdýarlar.

Bu baradaky maglumatlar Ukrainanyň Kiýewdäki resmileri Ilowaýask şäherçesiniň kontrollygyny ele salmak üçin orsparaz separatistlerine garşy söweşlerde dokuz esgeriň ölendigini aýdandan gysga wagt soň mälim edildi. Gürrüňi edilýän bu şäherçe separatistleriň agalygyndaky Donetsk şäheriniň eteginde ýerleşýär.

Öldürilen dokuz esgeriň Donetsk regional hökümetiniň adam ýitgileri barada mälim eden sanawyna goşulyp-goşulmandygy barada takyk maglumat berilmeýär.

Ukrainanyň gündogarynda hökümet güýçleri bilen orsparaz pitneçileriň arasynda dört äýdan gowrak wagt bäri dowam edýän çaknyşyklarda 2 müňden gowrak adam öldürildi.

XS
SM
MD
LG