Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Yslam döwleti” wideo ýaýratdy


Yrakda “Yslam döwleti” amerikan žurnalistiniň kellesiniň kesilmegi ýaly bolup görünýän wideo ýazgyny ýaýratdy.

Jeýms Foleý (James Foley) 2012-nji ýylyň noýabr aýynda Siriýada nämälim ýaragly adamlar tarapyndan alnyp gaçylypdy. “Amerika yşaratymyz” atly wideo ýazgy 19-njy awgustda sosial ulgamlarda çap edildi.

Bu wideo ýazgyny hakykylygyny dessine anyklamak başartmady, emma Foleýiň maşgalasy özüniň Facebook sosial ulgamyndaky sahypasynda: “Biz oglumyz Jimi bilen hiç haçan şular ýaly buýsanmandyk. Ol öz ömrüni Siriýadaky ilatyň ejir çekişini dünýä açyp görkezmek üçin bagş etdi” diýip ýazdy.

Ak tam Birleşen Ştatlaryň aňtaw gullugy wideo ýazgyny derňeýär diýdi.

XS
SM
MD
LG