Sepleriň elýeterliligi

Germaniýa Yraga ýarag ugratjak diýýär


Germaniýa “Yslam döwletiniň” söweşijilerine garşy göreşmegine ýardam bermek üçin Yrakdaky kürtlere ýaraglary ugratmaga taýýardygyny aýtdy.

Ýewropanyň birnäçe ýurdy Yraga ýarag ugratjakdygyny mälim edensoň, Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Ştaýnmaýer (Frank-Walter Steinmeier) özüniň 20-nji awgustda geçiren metbugat ýygnagynda Germaniýa hem “şular ýaly hereketi etmäge taýýar” diýdi.

Goranmak ministri Ursula fon der Leýen (Ursula von der Leyen) Germaniýa ýaraglaryň nähili görnüşini Yraga ugradyp boljakdygyny derňeýär we bu barada bir hepdäniň dowamynda netijä gelner diýdi.

Yrakdaky kürtler eýýäm ýurduň demirgazyk bölegindäki aglaba territoriýany eýelän “Yslam döwletiniň” söweşijilerinden baş alyp çykmakda ejir çekýärler.

Geçen hepde Ýewropa Bileleşigi Yrakdaky kürtleri ýarag we harby serişdeler bilen üpjün etmegi üçin Ýewropa Bileleşigine agza her bir ýurda ygtyýar berdi.

XS
SM
MD
LG