Sepleriň elýeterliligi

Zebari kürt ministrleri hökümete goşuldy diýdi


Yragyň wezipesi tamamlanyp barýan daşary işler ministri Hosniýar Zebari ýurduň häkimiýetden gitmeli premýer-ministri Nuri al-Malikiniň hökümetine gatnaşmagy soňa goýan kürt ministrleriniň administrasiýa gaýtadan goşulandygyny aýdýar.

“Reuters” habar gullugynyň Hosniýar Zebara salgylanyp berýän maglumatyna görä, 20-nji awgustda kürt ministri: “Men daşary işler ministri hökmünde Bagdada geldim” diýýär.

15-nji awgustda Maliki öz wezipesinden çekilýändigini we “ýurduň ýokary bähbitlerini goramak üçin” premýer-ministr Haýdar al-Abadini goldajakdygyny mälim edipdir.

Şeýle-de, Zebari “Yslam döwletine” garşy göreşmekde Bagdady goldamaklary üçin dünýäniň ähli ýurtlaryna çagyryş etdi. Ol gürrüňi gidýän söweşiji toparyň diňe Yragyň etniki azlygyna däl, eýse tutuş dünýä howp abandyrýandygyny belledi.

XS
SM
MD
LG