Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Yslam döwleti" jezaly wideo ýaýratdy


Amerikan žurnalisti James Foleý (James Foley), Liwiýa, 29-njy sentýabr, 2011.
Amerikan žurnalisti James Foleý (James Foley), Liwiýa, 29-njy sentýabr, 2011.

Yrakdaky “Yslam döwleti” atly söweşiji topar amerikan žurnalistiniň kellesiniň kesilýän pursatyny görkezýändigi aýdylýan wideony ýaýratdy.

“Amerika duýduryş” diýlip atlandyrylan wideo 19-njy awgustda internetde peýda boldy.

Söweşijiler öz pidasyny 2012-nji ýylyň noýabr aýynda ýitirim bolan Fransiýanyň “Frans Press” (AFP) agentliginiň we ABŞ-nyň “GlobalPost” media kompaniýasynyň ştatdan daşary habarçysy James Foleý (James Foley) diýip tanatdylar.

Bäş minutlyk bu wideoda iňlisçe britan aksentli gürleýän ýüzi nikaply söweşiji Foleýiň jezalandyrylmagynyň ýakynda ABŞ-nyň Yragyň demirgazygynda “Yslam döwletiniň” goşunlarynyň ýerleşýän ýerine howadan zarba urmagyna jogapdygyny aýdýar.

Şeýle-de wideoda ikinji diri zamun hem görkezilýär we onuň 2013-nji ýylyň tomsunda Siriýada ýitirim bolan amerikan žurnalisti Stewen Sotloffdygy aýdylýar.

Wideonyň döreden reaksiýasy

Foleýiň maşgalasy Facebookda çap eden maglumatynda “biz öz oglumyz Jimä hiç wagtda şeýle buýsanmandyk. Ol Siriýanyň halkynyň çekýan ejirini dünýä paş etmek üçin öz janyny gurban etdi” diýip ýazdy.

Ak Tam ABŞ-nyň aňtaw gulluklarynyň wideony barlaýandygyny aýtdy.

Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat wekili Kaitlin Haýden wideonyň hakykydygyny belledi we “bu wagşylarça zulumyň” ABŞ-a agyr täsir ýetirendigini aýtdy.

Britaniýanyň daşary işler sekretary Filip Hammond wideonyň “hopukdyrýandygyny” we bu jezalandyryşyň “Yslam döwletiniň” “rehimsizlikleriniň ýene bir mysaly” bolandygyny aýtdy.

Britaniýanyň daşary işler ministri Dawid Kameronyň, bu wideony görensoň, öz dynç alşyny bes edip, Londona dolanyp barandygy habar berildi.

Çäre teklip edilýär

Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland Yrak boýunça we “Yslam döwletiniň” hereketleri boýunça halkara konferensiýasyny geçirmegi teklip etjekdigini aýtdy.

Holland Yrak, Siriýa we Liwan ýaly ýurtlara howp salýan “bu topara garşy söweşmek boýunça global strategiýany işläp düzmeli” diýip, “Le Monde” gazetine aýtdy.

Yslam halyfatyny döretmek maksadyna eýerýän “Yslam döwleti” Yrakda we Siriýada uly giňişlikleri basyp aldy.

Söweşijiler öz gözegçiligindäki giňişliklerde ýüzlerçe adamy öldürmekde aýyplanýar. Olar musulman bolmadyk toparlary, ýezitleri we hristianlary, şeýle-de şaýy musulmanlary yzarlaýarlar.

XS
SM
MD
LG