Sepleriň elýeterliligi

Karýuhin: Kadaly garrylyk hökümetiň borjy


Garry zenanlar, Türkmenistan

Garry zenanlar, Türkmenistan

Garrylyga dünýä derejesinde aýratyn bir mesele hökmünde garalýar. Garrylyk ylmy taýdan öwrenilýär. Global derejede garrylyga problema hökmünde hökümet we jemgyýet tarapyndan çemeleşilýär. Gerontologiýa ylmy adamyň garramagyny sosial, biologiki we psihologiki taýdan öwrenýär we bu problema garşy durmagyň ýollaryny gözleýär. Azatlyk Radiosy garrylyk problemasynyň şu günki global tendensiýalary we Türkmenistandaky problemalar barada orsýetli gerontolog lukman we garrylara ýardam bermek boýunça “Dobroýe delo” atly jemgyýetçilik fonduň bilermeni Eduard Karýuhin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Eduard, şu günki gün garrylyk bilen bagly ähli ýurtlara deň derejede degişli nähili umumy problemalar bar?

Eduard Karýuhin: Şeýle problemalar ilkinji nobatda Ýer şarynyň ilatynyň global derejede garramagy bilen bagly, ýagny ýaşlara garanda garrylaryň sany köpelýär. Bu ilkinji nobatda Ýewropada, Demirgazyk Amerikada we Hytaýda göze ilýär. Merkezi Aziýada bu tendensiýa häzirlikçe onçakly güýçli däl we garrylaryň sany ilatyň 7% töweregi diýlip hasaplanýar. Emma şonda-da bu regionyň jemgyýetleri muňa taýýar däl. Jemgyýetler beýleki kynçylyklardan ünsi sowup, garrylar problemasyna has köp uns bermäge ukyply däldiklerini görkezýär.

Azatlyk Radiosy: Garrylaryň duçar bolýan problemalaryny çözmekde döwlet, jemgyýet nähili rol oýnamaly?

Eduard Karýuhin: Madrid plany diýlip atlandyrylýan 2002-nji ýylda garrylyk boýunça kabul edilen halkara ylalaşygynda, her bir hökümetiň öz ýurdunda garrylyk bilen bagly problemalary öwrenmekde we çözmekde esasy rol oýnamaly, diýip aýdylýar. Emma hökümet jemgyýet, graždan jemgyýetçiligi bilen ysnyşykly işlemeli.

Azatlyk Radiosy: Siz garrylyk meselesi boýunça halkara çärelerine gatnaşýarsyňyz. Türkmenistanyň resmileri we türkmenistandaky jemgyýetçilik guramalary bilen kontaktlaryňyz barmy?

Eduard Karýuhin: Biz postsowet döwletlerindäki, Merkezi Aziýadaky kärdeşlerimiz bilen yzygiderli gatnaşyk saklaýarys. Türkmenistanda biz bilen işleşýän hökümete degişli bolmadyk bir gurama bar. Bize mälim bolşuna görä, Türkmenistanda garrylaryň problemasy boýunça jemgyýetçilik taýdan alnyp barylýan işler örän ujypsyz. Bu Türkmenistanyň hökümetiniň garrylyk meselesi boýunça graždan inisiatiwalaryny goldamagynyň zerurlygyny görkezýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň paýtagtynda diňe bir garrylar öýüniň bardygy we oňa ýerleşmek üçin garrylardan ýaşaýan öýüni hökümetiň hasabyna geçirmegiň talap edilýändigi aýdylýar. Şeýle tejribeler başga ýurtlarda-da barmy?

Eduard Karýuhin: Garrylardan jaýyny bermegiň talap edilmegine garrylaryň bähbitlerini depelemek hökmünde garaýaryn. Başga hiç bir ýurtda şeýle tejribe barada men eşitmändim. Garrylar öz öýlerini meýletin berip bilýär, şeýle tejribe Orsýetde bar, emma bu diňe bir ýagdaýda, garrylar öz öýüni garrylar oýüniň hasabyna geçirip, olara ýokary oňaýlykly otag berlen we has amatly şertler döredilen halatynda edilmeli. Garrylaryň haýsy-da bolsa bir sebäpden jaýyny bermäge mejbur edilmegi sosial taýdan adalatsyzlyk.

Umuman, garrylar öýleriniň azlygy adamlaryň adam şekilli dünýäden ötmegi üçin kadaly mümkinçilikleriň we şertleriň çäkliligini we bu meselä hökümet hem jemgyýet derejesinde üns berilmeýändigini görkezýär. Garrylaryň garaşyga mätäçdigi, olary zerur şertler bilen üpjün etmegiň ähmiýeti barada jemgyýet derejesinde ünsi artdyrmak zerur. Türkmenistan garyp ýurt däl, ol garrylar öýlerini saklamaga gurby çatýan ýurt diýlip hasaplanýar. Garrylar öýleriniň ýetmezçiligi ýurduň garrylyk ýaşyna ýeten raýatlarynyň hukuklaryny kemsitmek bolýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda şu günki gün garrylaryň käte öz maşgalalarynyň eklenç çeşmesine öwrülýändigi bilen bagly ýagdaýlar göze ilýär. Siziň pikiriňizçe, şeýle ýagdaýyň nähili sebäpleri we netijeleri bar?

Eduard Karýuhin: Bu zatlaryň ählisi syýasy-sosial we syýasy-ykdysady prosesleriň netijesi. Ýaşlaryň işsizligi we beýleki agyr ykdysady şertler maşgalalarda maliýe taýdan esasy agramyň garrylaryň gerdenine düşmegine getirýär. Bu ýagdaý Orsýete-de mahsus. Şu günki gün käte garry adamlaryň çagalary hatda garrylar oýlerine baryp, öz garrylaryndan pul alyp gaýdýarlar.

Bu zatlar jemgyýetiň agyr sosial-ykdysady çökgünliginden habar berýär. Emma bu ýagdaý garrylara agram salýar, olaryň durmuşynyň hiline, olaryň kadaly iýmitlenmegine zeper yetirýär. Garrylar köplenç öz maşgalasynyň eklenji üçin özlerini meýletin çaklendirýärler. Bu haksyzlyk bolýar.

XS
SM
MD
LG