Sepleriň elýeterliligi

“Bi” diýdigim - “Ýok” diýdigim


Türkmen diliniň sözlügi, 1956 ý.

Türkmen diliniň sözlügi, 1956 ý.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň karary bilen Turkmenistana "Neýtralitet" statusy berildi. "Neýtralitet" sözi türkmen diline "Bitarap" diýip terjime edildi. Ol Bitarap sözüne “Türkmen diliniň sözlüginde” (Aşgabat, 1962, 99-njy sahypa) berlen düşündirişe esaslanyp edilen terjime bolmaly.

SÖZLÜKDEN ALYNMA: “BITARAP (bi:tarap), 1. Hiç bir tarapa goşulmaýan. Marydan gelen ýaşulular, iki ýana-da bitarap görünmek niýeti bilen, Gotur söwdagäriňkide düşdüler (B.Kerbabaýew, “Aýgytly ädim”). 2. Hiç hili reaksiýa bermeýän. Umuman, her bir himiki maddanyň atomy bitarapdyr. Eredilýän jisimiň iiçinde dartylmaýan, gysylmaýan we bitarap diýilýän gatlak bolmalydyr” (“Fizika kursy”)”. ALYNMANYŇ SOŇY.

Bu düşündiriş "BITARAP" sözüniň "NEÝTRALITET" sözüniň ekwiwalenti (dürs terjimesi) däldigine güwä. Ol döwlet syýasatyny (Neýtraliteti) aňladardan ýeňil, dar manydaky söz. “Bi” goşulmasy bilen ýasalan sözleriň tas ählisi ýoklugy aňladýar, otrisatel many berýär. Şu aýdýanyma güwä hökmünde “bi” ýokluk goşulmasy bilen ýasalan, türkmen diliniň sözlük (leksiki) düzümine giren sözleriň (ýadyma düşenleriniň) sanawyny düzdüm. Ine, olar:

Bisyrat BigamBihaýaBiynjalyk
Bidin (rugsatsyz)BizarBijaýBiedep
BimessepBikemalBitaýBiderek
Bidin (dinsiz)BiweçBitekizBigüman
BinamazBigäneBibatBigelşik
BitäretBigadyrBiýolBigeňeş
BiwepaBitakatBisaýaBikanun
BinamysBiçäreBibazarBikarar
BigaýratBişowBimazarBimamla
BidöwletBiperzentBinowaBimaksat
BikärBisuwymBidüzgünBimar
BisowatBiçemeBiaýalBinyşan
BimanyBiwagtBigörkBipeýan
BitagamBibagtBierkBipeýda
BiwatanBinurbatBiynsapBirahat
BigünäBibaşBimekanBirowaç
BimahalBihezzetBigörümBisarpa
BişerimBiabraýBinäzBisebäp
BirehimBidäneBihudaBiseresap
BinesipBijanBimazaBitap
BitertipBinesipBirugsatBisakgal
BitäretBiparhBişekBigeňeş
BinobatBiperwaýBiygtyýarBisabyr

Eýsem, neýtralitet sözüniň türkmençä “Bitarap” diýip edilen terjimesi dürs terjimemi? Men-ä "BI” diýdigim - “ÝOK” diýdigim diýýän. Seniň “BI” diýdigiň näme diýdigiň?!

Makalada öňe sürlen pikirler awtoryň özüne degişli.

XS
SM
MD
LG