Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-eýran gatnaşyklary maslahat edildi


Eýranyň prezidentiniň ylym we tehnika boýunça orunbasary we Aýratyn zehinliler fondunyň başlygy Suren Sattari Türkmenistana sapar etdi.

Sattari 20-nji awgustda Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Gepleşiklerde taraplaryň ýurdara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň köpugurlylygyna özara gyzyklanmanyň we amatly şertleriň bardygyny belläp, türkmen-eýran gatnaşyklarynyň gumanitar we medeni ugurlaryny hem ähli taraplaýyn ösdürmek barada öz pikirlerini mälim edendigi resmi maglumatlarda aýdylýar.

Aşgabatda Eýranyň harytlarynyň 9-njy ýöriteleşdirilen sergisi geçýär.

Türkmen gazynyň hyrydary Eýran Türkmenistandan tebigy gazy import etmäge mätäç däldigini ýakynda mälim etdi. 11-nji awgustda Eýranyň nebit ministri Bijan Namdar Zanganeh “Eýranyň türkmen gazyny ýeke sebäpden, ýagny Türkmenistan bilen syýasy we ykdysady gatnaşyklary saklamagyň möhümliginiň hatyrasyna satyn alýandygyny" aýtdy.

20-nji awgustda türkmen prezidentiniň eýran resmisi bilen duşuşygynda gaz sowdasy meselesiniň gozgalyp-gozgalmanlygy barada habar berilmedi.

XS
SM
MD
LG