Sepleriň elýeterliligi

Iki dost hakda iki goşgy


Gurbannazar Ezizow (çepde) we Nury Halmämmedow.

Gurbannazar Ezizow (çepde) we Nury Halmämmedow.

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradyň Gurbannazar Ezizowa we Nury Halmämmedowa bagyşlap ýazan goşgulary.

Göräýmäge...

Gurbannazar Ezizowa

Barýas seniň gezen mekanlaryňa,
Seniň geçen köçeleňden geçýäs biz.
Girýäs seniň giren dükanlaryňa,
Seniň içen çakyrlaňdan içýäs biz.

Bizem alyp gidýä islän ýermize,
Seni çar tarapa äkiden ýollar.
Agam girýä, aňam girýä sermize,
Durmuş ýodasynda çalşyp dur rollar.

Göwnün alýas ýakynlaryň, ýatlaryň,
Dost-ýar bilen günümizi ýaşyrýas.
…Göräýmäge seň başaran zatlaryň
Hemmesini bizem bu gün başarýas.

Wagty geler – bize-de nyrh keserler,
Gaýtargy deregne oklanjagmyz ýok…
Ýöne welin seňki deýin eserler
Entejik bize-hä başardaýanok.

Käte özümizi aldyrjak bolup,
Senden galan sadalygy öldürýäs.
...Oz barlygymyzy bildirjek bolup,
Bu gün seniň ýoklugyňy bildirýäs.

1980 ý.

Aýratyn agram

Nury Halmämmedowa

Nahal ömrüň paýalarny
Ýerim bilen bagladym:
Gabarçakly aýalarmy
Derim bilen ýagladym.

Iňňe bilen guýy gazdym –
Agzym kepäp, agmadym;
Egnimde daş çekip gezdim –
Sojamadym, armadym.

Iň agyr iş ýeňil diýdim,
Göwnümi kän aldadym…
Bu gün welin gara geýdim,
Bu gün welin agladym.

Bary-ýogy iki pil gum –
Bilim çöküp, maýryldym;
Iki pil gum… Ysmaz boldum…
Söwer dostdan aýryldym.

1983 ý.

XS
SM
MD
LG