Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: McDonald's barlanýar


Orsýetde McDonald's restoranlaryny barlamak boýunça işler ýaýbaňlanýar.

Orsýet mediasynyň maglumatlaryna görä, ýurduň azyk howpsuzlygyna gözegçilik edýän “Rospotrebnadzor”edarasy 21-nji awgustda Ural daglarynyň regiony Swerdlowsk şäherinde we Tatarstanda McDonald's naharhanalaryny barlap başlady. Barlaglar şu aýuň dowamynda Krasnodar we Başkyrtystan regionlarynda hem geçiriler.

20-nji awgustda “Rospotrebnadzor” Moskwada dört sany McDonald's naharhanasyny, şol sanda Orsýetde iň birinji bolup açylan Puşkin meýdançasyndaky McDonald'sy ýapmak barada karar çykardy we “ençeme” arassaçylyk şertiň bozulandygyny aýtdy.

McDonald's bu meseläniň sebäplerini we “naharhanalary mümkin boldugyndan tiz gaýtadan açmagyň mümkinçiliklerini” öwrenýändigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG