Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Siriýada zamunlary boşatmaga synanyşdyk


Waşington ABŞ-nyň ýörite güýçleriniň onlarça wekiliniň “Yslam döwletiniň” söweşijileri tarapyndan Siriýada zamun alnan žurnalist James Foleýi we beýleki amerikan zamunlaryny boşatmaga ýakynda synanyşandygyny aýdy, emma halas ediş operasiýanyň başa barmandygyny belledi.

Prezident Barak Obamanyň terrorçylyga garşy baş geňeşçisi Lisa Monako (Lisa Monaco) Obamanyň bu operasiýany geçirmäge tomsuň başynda ygtyýar berendigini aýtdy.

Waşington bu beýannamasy bilen öz harby güýçleriniň Siriýada bolmagyny ilkinji gezek boýun alýar.

20-nji awgustda edilen bu beýannamadan bir gün öň jyhadçylar Siriýada 2012-nji ýylyň noýabr aýynda ogurlanan žurnalist Foleýiň kellesiniň kesilmeginiň wideosyny ýaýratdylar.

Obama “Yslam döwletiniň” söweşijileriniň zamunlykdaky ikinji žurnalist Stewe Sotloffy (Steve Sotloff) öldürmek barada haýbat atmagyna garamazdan, olara garşy hüjümleri dowam etdirmegi wada berdi.

Foleýiň jezalandyrylmagy halkara derejesinde güýçli ýazgaryldy.

Döwlet departamentiniň metbugat-wekili Marie Harf: “Biz onuň ölümine günäkärleri jogapkärçilige çekmek üçin tagallalarymyzy gaýgyrmarys” diýdi.

XS
SM
MD
LG