Sepleriň elýeterliligi

“Ebola” uçran lukman gowulaşýar


Medisina ýardamyny berýän topar ölüme getirýän “Ebola” wirusynyň ýokaşmagy sebäpli bejergi alýan amerikan lukmanynyň tiz wagtda ABŞ-nyň keselhanasyndan çykaryljakdygyny aýtdy.

“Samaritan’s Purse” atly guramanyň müdiri Franklin Grahamyň 21-nji awgustda aýtmagyna görä, doktor Kent Brantly eksperimental dermanlaryň ulanylmagyndan soň aýaga galyp başlapdyr.

Awgustyň başynda Liberiýadan alnyp gaýdylan Brantlynyň we ýene bir amerikan lukmanynyň bejergi alýan keselhanasynda 21-nji awgustda metbugat-konferensiýanyň geçiriljegi habar berildi.

“Ebola” wirusy Günbatar Afrikanyň dört ýurdunda Liberiýada, Sierra Leoneda, Gwineýada we Nigeriýada jemi 1 400 adamyň ölümine sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG