Sepleriň elýeterliligi

Netanýahu: Gazadaky çäreleri bes etmeris


Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu Palestinanyň territoriýasyndan raketalaryň atylmagy bes edilýänçä Gazada harby operasiýalary dowam etdirmegi goldajagyny aýtdy.

Netanýahu bu çykyşyny 20-nji awgustda halka ýüzlenmesiniň çäginde etdi. Munuň öňüsyrasynda Ysraýylyň Hamas söweşijilerine garşy bir aýyň dowamynda alyp barýan urşunyň soňuna çykmak boýunça gepleşikler şowsuzlyga uçrady.

Hamasyň ýaragly topary 20-nji awgustda ok atyşygy bes etmek boýunça wagtlaýyn ýaraşygy togtadýandygyny yglan etdi.

Palestin söweşijileri 20-nji awgustda Ysraýyla tarap onlarça raketa atdy, Ysraýyl bolsa Gaza howadan ençeme zarba urdy.

Palestin resmileri ok atyşygy bes etmek boýunça gepleşikler şowsuzlyga uçraly bäri azyndan 20 palestinalynyň heläk bolandygyny aýtdylar.

Soňky zorluklar zerarly Gazada wepat bolanlaryň sany 2 038 adama ýetdi we 10 300 adam ýaralandy.

XS
SM
MD
LG