Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Siriýada operasiýa geçirildi


Birleşen Ştatlaryň harby uçary.

Birleşen Ştatlaryň harby uçary.

Waşington ýakynda Birleşen Ştatlaryň ýörite güýçleriniň Siriýada we Yrakda öz-özüni “Yslam döwleti” diýip atlandyrýan ýaragly toparyň söweşijileri tarapyndan alnyp gaçylan žurnalist Jeýms Foleýi we beýleki amerikan zamunlaryny halas etmäge synanyşandygyny aýtdy. Emma, aýdylyşyna görä, bu halas ediş operasiýalary başa barmandyr.

Prezident Barak Obamanyň terrorçylyga garşy işdäki baş geňeşçisi Lisa Monako (Lisa Monaco) öz beýanatynda Obama “Biziň raýatlarymyzy gözläp tapmak üçin ýurduň Goranmak departamentine bu operasiýany geçirmäge tomsuň başynda ygtyýar berdi” diýdi.

Waşington özüniň bu beýannamasy bilen Siriýada öz harby güýçleriniň bolandygyny ilkinji gezek boýun alýar.

20-nji awgustda edilen bu beýannamadan bir gün öň jyhadçylar 2012-nji ýylyň noýabrynda Siriýada ogurlanan amerikan žurnalisti Foleýiň kellesiniň kesilýändigini görkezýän wideoýazgyny köpçülige ýetirdiler.

"Zamunlykdakylar ýokdy"

Monakonyň beýanatynda başa barmadyk halas ediş operasiýasynyň jikme-jikligi barada maglumat berilmeýär. Onda diňe operasiýalaryň geçirilen ýerinde “zamunlykdakylaryň bolmandygy sebäpli missiýanyň şowsuz gutarandygy” mälim edilýär.

Birleşen Ştatlaryň käbir beýleki resmi çeşmeleri birnäçe wagt mundan ozal ýurduň ýörite güýçlerine degişli onlarça esgeriň uçardan Siriýanyn territoriýasyna oklanandygny we, olaryň yzyna gaýtmazlaryndan öň “Yslam döwletiniň” söweşijileri bilen çaknyşyp, jyhadçylaryň birnäçesini öldürendigini aýtdylar.

Şeýle-de olar bu operasiýalar döwründe Birleşen Ştatlaryň esgerlerinden hiç kimiň öldürilmändigini, emma bir esgeri uçar kakyp, onuň ýeňil ýaralanandygyny bellediler.

Obama wada berdi

“Yslam döwletiniň” söweşijileri alnyp gaçylan beýleki amerikan žurnalisti Stiw Sotlofy (Steve Sotloff) öldürmek bilen haýbat atýandygyna garamazdan, Obama Yragyň demirgazygyndaky söweşijilere garşy howa zarbalaryny dowam etdirmegi wada berdi: “Amerikanyň Birleşen Ştatlary öz halkyny goramak üçin etmeli zadyny amala aşyrmaga dowam eder. Biz hüşgär we argynsyz bolarys”.
Obama agzalýan söweşiji toparyň XXI asyrda ornunyň ýokdugyny aýdyp, bu topary tutuş regiona howp salýan “içýan” diýip, ýazgardy.

Ak tamyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat wekili Keýtlin Haýden (Caitlin Hayden) Obamanyň administrasiýasy hiç haçan agzalýan halas ediş operasiýasynyň üstüni açmagy meýilleşdirmeýärdi diýdi.

Ýöne ol birnäçe metbugat serişdeleriniň bu operasiýa barada makala çap etmäge taýýarlyk görenligini we Ak tamyň “muny kabul etmekden başga çykalgasynyň ýokdugyny” aýtdy we hut şu sebäpli-de Obamanyň administrasiýasy agzalýan gizlin harby operasiýa baradaky maglumaty köpçülige ýetirmeli boldy diýdi.

Jikme-jik maglumat berilmedi

Obamanyň administrasiýanyň wekilleri operasiýanyň takyk nirede we haçan geçirilendigini aýan etmediler. Olar geljekde geçiriljek halas ediş missiýalary üçin operasiýanyň jikme-jikligini goramagyň zerurdygyny nygtadylar.

Ýöne olar bu operasiýalara Birleşen Ştatlaryň harby güýçleriniň ähli bölümleri diýen ýaly gatnaşdylar we ýerüsti ýörite güýçler howadan goldanyldy diýdiler.
Gürrüňi gidýän operasiýada Birleşen Ştatlaryň esgerleriniň näçe amerikan raýatyny halas etmäge synanyşandygy barada takyk maglumat berilmeýär.

Ýöne Birleşen Ştatlaryň efirde adynyň agzalmazlygyny soran käbir resmileri žurnalist Foleý Siriýada zamunlykda saklanýan azyndan dört amerikan raýatynyň biridi diýdiler.

Sotlofyň we azyndan ýene bir amerikan zamunynyň “Yslam döwletiniň” söweşijileri tarapyndan alnyp gaçylandygy çaklanylýar.

Erkin işleýän žurnalist Austin Taýs (Austin Tice) 2012-nji ýylyň awgust aýynda Siriýada ýitirim bolupdy. Onuň Siriýanyň hökümet güýçlerine degişli türmededigi çaklanylýar.

Halkara derejesinde ýazgaryldy

Žurnalist Foleýiň öldürilmegi halkara derejesinde ýazgaryldy.

Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius žurnalistiň öldürilmegi “wagşy halyfatyň” hakyky ýüzüni görkezdi diýdi.

Germaniýa bolsa “Yslam döwletiniň” söweşijileri bilen göreşmekleri üçin Yragyň demirgazygyndaky kürtleri ýarag bilen üpjün etjekdigini yglan etdi.

Italiýanyň goranmak ministri hem öz ýurdunyň Yragyň demirgazygyndaky kürtleri pulemýotlar, harby serişdeler we harby tanklara garşy ulanylýan raketalar bilen üpjün etmekçidigini habar berdi.

Halkara polisiýa guramasy – Interpoluň başlygy hem özüniň 21-nji awgustda beren maglumatynda Foleýiň öldürilmegini ýazgaryp, yslamçy ekstremistler tarapyndan abanýan howpa global derejede gaýtawul bermäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG