Sepleriň elýeterliligi

Düşündiriş: Moskwanyň Günbatar bilen aradaky azyk urşy


Ýaşaýjy haýsy eti satyn aljagyny saýlamaga synanyşýar.

Ýaşaýjy haýsy eti satyn aljagyny saýlamaga synanyşýar.

Moskwanyň azyk importyna gadagançylyk girizmegi ilkibaşda Günbatar ýurtlarynyň Moskwanyň Ukrainadaky hereketleri zerarly onuň garşysyna girizen sanksiýalaryna degerli jogap diýlip hasaplanypdy. Emma bu gadagançylyk öz sarp edýän azyk önümleriniň agramly bölegini import edýän Russiýada azyk harytlarynyň bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy.

Bu ýerde biz Moskwanyň azyk urşunyň we onuň Orsýete ýetirýän täsirleri barada bilinmeli dört sany zat barada gürrüň edýäris.

Bu gadaganlyk kime has köp oňaýsyz täsir edýär?

7-nji awgustda Kreml Birleşen Ştatlaryň, Ýewropa Bileleşiginiň, Awstraliýanyň, Kanadanyň we Norwegiýanyň azyk önümleriniň aglabasyna 1 ýyllyk gadaganlyk girizýändigini yglan eden mahaly, bu çärä köpleri geň galdyrdy.

Munuň esasy sebäbi - Russiýa öz sarp edýän azyk harytlarynyň 40%-ni diýen ýaly daşary ýurtlardan import edýär. Ol iýmitleriň arasynda balyk, süýt, et we peýnir önümleri bar. Şeýlelikde islendik import gadagançylygy gönüden-göni rus sarp edijilerine ýa-da alyjylaryna oňaýsyz täsirini ýetirýär.

Geçen ýyl Russiýa Moskwanyň azyk importyna gadagançylyk girizen ýurtlaryndan 17,2 milliard amerikan dollary bahasyndaky azyk harytlaryny satyn aldy. Bütindünýä Söwda Guramasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň bilelikdäki kärhanasy bolan Halkara söwda merkeziniň maglumatyna görä, şol harytlaryň bahasy 9,2 milliard amerikan dollaryna deň bölegi häzirki wagtda Russiýada importy edilen azyk önümleridir.

Moskwanyň çen edişi ýaly edil häzir Günbataryň käbir haryt öndürijileri Orsýetiň azyk önümlerine girizen import gadagançylygyndan ejir çekýärler.

Gadagançylyk Ýewropa Bileleşiginiň Russiýa bilen serhetleşýän ýurtlaryna has köp ýaramaz täsirini ýetirdi. Sebäbi bu ýurtlaryň öndürýän harytlarynyň aglabasy rus bazaryna gönükdirilip taýýarlanylýardy.

Moskwanyň azyk importyna girizen gadagançylygy Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň oba hojalygyna belli bir derejede öz täsirini ýetirdi. Bu ýagdaý Günbatar ýurtlarynda ýetişdirilen bag-bakja önümlerini eksport etmäge alternatiw bazarlary tapyp bilmeýän daýhanlary goldamak üçin 18-nji awgustda Bileleşigiň 170 million amerikan dollary möçberinde pul goýberýändigini yglan etmegine sebäp boldy.

Ýöne Ýewropa Bileleşigi günbatarly daýhanlaryň maddy ýitgileriniň öwezini dolmak barada alada etse-de, Moskwanyň girizen azyk gadagançylygynyň esasy pidasy bolan ilata, ýagny rus alyjylaryna maddy taýdan ýardam bermek barada Orsýetde hiç kes dil ýarmaýar.

Moskwanyň resmileri ýurtda import gadagançylygy güýje gireli bäri, paýtagtyň iň uly söwda dükanlarynda doňdurylan balygyň bahasy öňküsinden 6%, süýdüň bahasy 5,3%, peýniriň bahasy 4,4% ýokary galdy diýýärler.

Russiýada azyk harytlarynyň nyrhynyň ýokarlanmagy rus alyjylarynyň onsuzam ýurtda infilýasiýanyň derejesiniň eýýäm 7,5%-e ýetmeginden ejir çekýän döwrüne gabat geldi. Russiýada infilýasiýanyň derejesiniň ýokarlanmagyna

Ukrainadaky hereketleri sebäpli Günbataryň Moskwa garşy girizen sanksiýalary belli bir derejede itergi beripdi. Ykdysadyýetçiler Moskwanyň azyk importyna garşy girizen sanksiýalarynyň ýurtda infilýasiýanyň derjesini has-da ýokarlandyryp biljekdigini duýdurýarlar.

Moskwadaky Täze ykdysadyýet mekdebiniň öňki rektory we häzirki wagtda Parižiň Syýasy bilimler institutynyň professory Sergeý Guryýew: “Bu sanksiýalaryň netijesinde infilýasiýanyň derejesi ýokarlanar” diýdi.

Ol Moskwanyň prosent gatnaşygyny ýokarlandyrmak usuly bilen infilýasiýanyň derejesiniň ýokarlanmagynyň öňüni almaga synanyşyk etmeginiň mümkindigini belleýär. Muňa garamazdan, ol munuň gaýta Russiýanyň ykdysady ösüşiniň has-da haýallamagyna alyp barjakdygyny nygtaýar.

Russiýa daşary ýurt azyk harytlarynyň ýerini ýerli önümler bilen dolduryp bilermi?

Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedew azyk importyna girizilen gadagançylygyň Russiýanyň içerki azyk pudagynyň ösüşini stimulirlejekdigini aýdyp, ýurtda bolup geçýän zatlara oňyn garamaga çalyşýar.

12-nji awgustda Russiýanyň günortasyndaky Stawropol regionynda eden çykyşynda Medwedew “mundan ozal ünsden düşürilen we importyna has beter bil baglanylýan milli oba-hojalyga degişli pudaklary ösdürmäge goldaw bermek üçin” hökümet goşmaça serişdeleri hödürlär diýdi.

Russiýanyň içerki azyk senagatynyň köp pudaklary ýiti derejede gaýtadan dikeldilmäge mätäç. Munuň netijesizligi ýerli harytlaryň Günbatar önümleri bilen bäsleşikde yza galmagyna getirdi. Şeýlelikde gysga möhletiň dowamynda gadagançylyklar, dogrudanam, içerki öndürijileriň ýiti ýetmezçiligine sebäp bolup biler.

“Islendik bäsleşigiň aradan aýrylmagy öndüriji üçin peýdalydyr. Şeýlelikde azyk harytlarynyň import edilmegine gadagançylygyň girizilmegi Russiýanyň oba hojalygy üçin gowy habar” diýip, Guryýew belleýär.

Ýöne içerki inwestorlaryň azyk önümçiligine maýa goýmak meselesinde ätiýaçly bolmagyna getirýän ençeme nätakyklyklar bar. Nätakyklyklar, eger Ukrainadaky krizis gowşan ýagdaýynda gürrüňi edilýän gadagançylygyň näçe wagtlap dowam etjekdiginden başlap, Russiýanyň Merkezi bankynyň infilýasiýany kontrol etmek maksady bilen prosent gatnaşygyny ýokarlandyryp-ýokarlandyrmajakdygy dogrusyndaky meseleleri öz içine alýar. Gürrüňi edilýän bankda prosent gatnaşygynyň ýokarlandyrylmagy bolsa bankdan pul karz alýan maýadarlara bu önümçiligi has gymmada düşürýär.

Russiýa daşary ýurtlardan başga azyk öndürijileri tapyp bilermi?

Moskwa häzirki wagtda Orsýeti azyk bilen üpjün etjek başga ýurtlary gözleýär. Olaryň arasynda Ýewropa Bileleşigine agza bolmadyk ýewropa ýurtlary hem-de Ýakyn Gündogar we Latyn Amerika döwletleri bar.

Emma Ýewropa Bileleşigi we Waşington gürrüňi edilýän ýurtlara Russiýa bilen hyzmatdaşlyk etmezligi üçin basyş görkezip, Moskwa Ýewropa Bileleşigidir Birleşen Ştatlar tarapyndan özüne has ýiti garşylygyň görkezilmegine hem uçrap biler.

Muňa garamazdan, azyk urşundaky ilkinji emeli ok 11-nji awgustda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin tarapyndan atyldy diýse bolar. Ýagny, şol gün Putin müsürli kärdeşi Abdel Fattah Sisi bilen Soçide duşuşyp, iki tarap Russiýanyň Müsürden azyk harytlaryny satyn almaga taýýardygyny yglan etdi.

Mundan sanlyja gün soň, ýagny 15-nji awgustda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Brýusselde duşuşdylar hem-de ÝB-niň ynsanperwer kömeginiň iň uly göwrümini alýan Müsüre we Russiýanyň bazarynda Ýewropa Bileleşiginiň ýerini dolmaga synanyşýan islendik ýurda garşy bileleşip nähili gaýtawul berip boljakdygyny maslahat etdiler. Bu gaýtawulyň nähili boljakdygy barada jikme-jik maglumatlar häzirlikçe yglan edilenok.

Ýagdaýlar nähili özgerer?

Azyk urşy dowam edýän mahaly resmi Moskwa rus halkyna import gadagançylygynyň tutuş 1 ýyl dowam etmezliginiň mümkindigini hem ýaňzydyp geçdiler.

Medwedew 18-nji awgustda öz orunbasarlary bilen geçiren ýygnagynda “olar [gadagançylyklar] uzak wagt dowam etmez diýip umyt edýärin” diýdi.

Şeýle-de, bu gadagançylyklar dowam eden ýagdaýynda-da, olaryň häzirki wagt bolşy ýaly öňümizdäki hepdelerdäki ýaly derejede ýiti bolmazlygynyň mümkindigi barada alamatlar bar. Russiýanyň häkimiýetleri import gadagançylygy girizilen käbir harytlaryň Russiýanyň Gümrük bileleşigindäki partnýorlary – Belarus we Gazagystan tarapyndan üpjün edilýän “haryt” hökmünde ýurda girizilmegine rugsat bermek barada gepleşikleri geçirýärler.

Ýewropa Bileleşiginiň azyk harytlarynyň nädip belarus we gazak önümlerine öwrüljekdigi bolsa, nätakyk bolup galýar. Emma Medwedew Belarusda we Gazagystanda Ýewropa Bileleşigine degişli harytlar gaýtadan taýýarlanylanda, “önümlere uly göwrümde garyndy goşulsa, ol täze haryt bolýar” diýdi.

Şeýle kesgitsiz gepleşikler gadagançylyk girizilen Ýewropa harytlarynyň Russiýanyň bazaryna gelmegi üçin Belarus bilen Gazagystanyň täsirli ”gara gapynyň” roluny oýnap biljekdigi-bilmejekdigi barada soraglaryň döremegine sebäp boldy.

Eger şeýle bolsa, onda häzirki başlanýan azyk urşunda Kremliň esasy maksady berk import azyk önümleriniň garsysyna embargo girizmek däl-de, eýse Moskwanyň Ukrainadaky hereketleri sebäpli Günbatar bilen aradaky konfliktde ýurduň ilatynyň garaýyşlaryny öz peýdasyna mobilizirlemekden ybarat ýaly bolup görünýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG