Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Bir gezek: Sag aýagym-da togsan ýaşady


Karikatura.

Karikatura.

Sargyt

Şahyr Ýylgaý Durdyýew ýetimlik, ýaşaýyşdaky ýetde-gütdelik sebäpli çagalykda gündiz demirýolda işläp, agşamlaryna “Işçi--ýaşlar mekdebi” diýilýän mekdepde okapdyr. Gepiň küle ýeri, göz deger ýaly bilim derejesi ýokdy. Bilime gezek gelende ýabygorlydy. Ol bir gezek 1-nji klasda okaýan agtygyna arifmetika dersinden berlen öý işini işlemäge, mysaly çözmäge kömek edýär. Agtygy mekdepden gelende arifmetikadan näçelik baha alany bilen gyzyklanýar. Agtygy:

-Mugallym “Dagy-duwara arifmetikadan oý iş berlen mysaly Ataňa çözdürme. Ataň şahyrlygyna hormat goýýanym üçin şu sapar saňa ikilik goýmaýyn” diýdi -diýipdir.

Bolmyjak zaňňar

Ussat Sahy Jepbar aýdym aýdanynda dünýäni undup, aýdym-saza berilýärdi. Sazandalara owsun atmagy adaty zatdy. Ol ezber sazandady. Diňe belli sazandalar eline eýerýärdi. Sahy dädäň obadaşy (ikisi-de Gökdepäniň Ýaňgala obasynda doglan), dutar çalmakda ussatlygyň, kämilligiň nusgasy Mylly aga toýda-da, teleradio ýzgy edilende-de Sahy dädä sazandalyk etmändir. Sahy dädäniň kakasynyň deň--duşy bolany üçin “Sen bolmyjak (düzelmejek diýdigi) zaňňar!” diýip, igenýän eken.

Bir gezek Aşgabadyň “1-nji park” diýilýän seýilgähinde baýramçylyk dabarasy geçirlende Sahy dädäň eline eýerýän başga sazanda tapylmandyr. Mylly aga sazandalyk etnegi haýyş edýärler. Ol “Üstüme owsun atmajagyna söz bersin, sazandalyk edeýin” diýýär. Sahy däde “Owsun beýle-de dursun, sen tarapa seretmäýin” diýip, ant içip, awy ýalaýar. Ol 1-nji aýdymy aýdanda özüni parahat alyp barýar. 2-nji aýdymy “Ýar senden” eken. Ol aýdymyň:

Ýaňaklary läle, pisse dahanym,

Men dönsem-de, göwnüm dönmez, ýar senden—

diýen setirlerini aýdanda owsun atyp, Mylly agaň usüne “sürünýär”. Mylly aga aýdym tamamlanýança syr bildirmän sazandalyk edýär. Aýdym tamamlanan dessine:

-Bül zaňňaryň bolmyjak zaňňardygyny äýtdym-a -diýýär. Ussadyň bu sözi mikrofona düşýär. Seýilgähe ýygnan ýüzlerçe diňleýji hem Sahy dädäň aýdymyna, hem-de Mylly agaň sözüne ör turup çapak çalýar.

Nägilelik

Halypa ýazyjy Çary Aşyr ýaşy 90-a ýetende lukmanyň ýanyna baryp, “Sol äyagym agyrýar” diýip, arz edipdir. Lukman “Çary aga, Siz Allanyň nazar salan adamy. Alla Size ezeli zehin, uzak ýaş berdi. Çep aýagyň agyrysyna üns bermäň, ol Sizi togsan ýyl bäri göterip ýör, biraz ýadandyr -diýip, oňa göwünlik beripdir. Bu jogap Çary agany kanagatlandyrmandyr. Ol:

-Sag aýagym-da meni togsan ýyl bäri göterip ýör. Ol nämüçin agyranok? -diýip, sowal beripdir.

Toplan Amanmyrat BUGAÝEW.

XS
SM
MD
LG