Sepleriň elýeterliligi

BMG: Siriýada 190 müň adam öldi


Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça edarasy Siriýanyň raýat urşunda 191 müňden gowrak adamyň öldürilendigini habar berýär.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary derejeli komissary Nawi Pillaý (Navi Pillay) özüniň 22-nji awgustda Ženewada beren maglumatynda heläk bolanlaryň Siriýada 2011-nji ýylyň mart aýynda konflikt başlanyndan 2014-nji ýylyň aprel aýy aralygyna çenli öldürilendigini aýtdy.

Pillaý: “Siriýada bolýan wakalara halkara derejesinde sessiz galynmagy bu ýurtda öldürmeleriň, weýran etmeleriň we gynamalaryň amala aşyrylmagyna ygtyýar berdi” diýip, dünýä jemgyýetiniň Siriýada bolýan wakalar dogrusynda herekete geçmezligine nägileligini bildirdi.

Birleşen Milletler guramasynyň bu raporty düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary boýunça synçy topary Siriýadaky çaknyşyklarda 180 müňden gowrak adamyň ölendigi barada mälim edenden bir gün soň ýaýradyldy.

Siriýadaky konfliktler hökümete garşy geçirilen parahatçylykly protestleri režimiň zor bilen basyp ýatyrmagy netijesinde başlapdy. Şondan bäri ýurduň ilatynyň ýarysyna golaýy öýlerini terk etmäge mejbur boldy.

XS
SM
MD
LG