Sepleriň elýeterliligi

Ukrain resmisi Russiýany ýurda girmekde aýyplady


Russiýanyň ynsanperwer kömeginden ybarat kerweni Halkara gyzyl haç guramasynyň wekilleri bolmazdan Ukraina girensoň, Ukrainanyň ýokary derejeli howpsuzlyk resmisi Moskwany Ukrainanyň araçägine girmekde aýyplady.

Moskwa garaşmakdan ýadanadygyny aýdyp, kerweni Ukraina salmazlyk üçin Kiýewi ýasama soňa goýmalary döretmekde aýyplandan soň, 22-nji awgustda ýüzlerçe rus ýük maşyny Ukrainanyň gündogaryna geçip başlady.

Ukrain harbysynyň metbugat wekili Andriý Lýasenko (Andriy Lysenko) Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky şertnamany bozup, Russiýa Ukraina bilen ylalaşyga gelmezden ýa-da Gyzyl haç guramasynyň gatnaşygy bomazdan 90 sany rus ýük maşynynyň Ukraina girendigini aýtdy.

Ukrainanyň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň başlygy Walentin Naliwaýçenko (Valentyn Nalivaychenko) ýük maşynlarynyň herekete geçmegi Russiýanyň Ukraina “gönüden-göni basybalyşyny” aňladýar diýdi, emma ol “öjükdirmelerden” gaça durmak tagallasy bilen Kiýewiň hiç hili güýç ulanmajakdygyny belledi.

Halkara gyzyl haç guramasy “durnuksyz howpsuzlyk ýagdaýlary” sebäpli ýük maşynlarynyň ýany bilen gitmändigini Twitter sosial ulgamyndaky ýazan maglumatynda mälim etdi.

XS
SM
MD
LG