Sepleriň elýeterliligi

Sistani yraklylara çagyryş etdi


Yragyň iň täsirli şaýy ruhanysy Aýatolla Ali al-Sistani “Yslam döwletiniň” söweşijilerine garşy göreşmekleri üçin ähli yraklylara ýene çagyryş etdi.

Sistani bu baradaky çagyryşyny Karbala şäherinde juma namazyndan soň geçirlen çärede öz kömekçisi arkaly köpçülige mälim etdi. Şeýle-de, Sistani Bagdatdaky ähli taraplar ýurtda “maksadalaýyk” hökümetiň düzülmegi dogrusynda ylalaşdylar diýdi.

Yragyň hökümet güýçleri we Kürt peşmerga söweşijileri “Yslam döwletiniň” söweşijileri tarapyndan kontrollyk edilýän ýurduň demirgazygyndaky iki şäherçäniň kontrollygyny gaýtadan yzyna almak üçin 22-nji awgustda operasiýalara başladylar.

Yragyň uruş uçarlary tarapyndan goldanylýan yrak goşuny Saadiýanyň golaýyndaky şäherçä tarap hüjümleri amala aşyryp başlapdyrlar. Saadiýa şäheri Yragyň Eýran bilen serhediniň golaýynda ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG