Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýetiň ulag kerweni Ukraina girdi


Orsýetiň ynsanperwer ulag kerweni, Orsýetiň Rostow regiony, 20-nji awgust, 2014

Orsýetiň ynsanperwer ulag kerweni, Orsýetiň Rostow regiony, 20-nji awgust, 2014

Ukrainanyň Milli howpsuzlyk edarasynyň baştutany ýanynda Gyzyl Haç Jemgyýetiniň wekilleri bolmazdan, Orsýetiň ynsanperwer ulag kerweniniň Ukrainanyň giňişligine girmeginiň yzysüre Orsýeti aýyplap çykyş etdi.

Şol bir wagtda-da Kiýew bu ulag kerwenine hüjüm etmejegini mälim etdi.

Bir hepdäniň dowamynda serhediň golaýynda ýerleşdirilen onlarça ulag 22-nji awgustda gündogar Ukrainada serhetden geçdi. Moskwa Kiýewiň meseläni bilgeşleýin yza çekdirendigini aýtdy.

Kiýewiň beýannamasy

Ukrainanyň harbylarynyň metbugat wekili Andriý Lysenko Orsýetiň 90 sany ýük ulagynyň ukrain tarapy bilen ylalaşmazdan, we ýanynda Halkara Gyzyl Haç Jemgyýetiniň wekilleri bolmazdan, Ukrainanyň serhedini kesip geçendigini we netijede Ukraina bilen Orsýetiň arasyndaky ylalaşyklaryň bozulandygyny aýtdy.

“Biz muňa Orsýetiň Ukrainanyň territoriýasyna gös-göni girmegi hökmünde garaýarys” diýip, Ukrainanyň Milli howpsuzlyk boýunça ýolbaşçysy Walentin Naliwaýçenko žurnalistlere aýtdy. Şol bir wagtyň özünde-de ol Kiýewiň “prowokasiýalardan” gaça durmak üçin, güýç ulanmajagyny aýtdy.

Ukraina Orsýetiň ulag kerweniniň Luganskda we Donetskde orsýetparaz separatistleriň ýarag bilen üpjün edilmegi üçin ulanylmagyndan howatyrlanýar.

Gyzyl Hajyň gözegçiligi

Ilkibaşdan Ukrain tarapynyň şol aladalanmalaryny köşeşdirmek üçin kerwen ulaglarynyň Gyzyl Haç jemgyýetiniň gözegçiliginde hereket etmegi ylalaşylypdy. Emma Gyzyl Haç Jemgyýeti “howpsuzlyk şertleriň üýtgäp durandygy sebäpli” öz wekillerini ýük kerweniniň ýanyndan ugradyp bilmejegini aýtdy.

250 çemesi ak reňkli ýük ulag 12-nji awgustda Moskwa regionyndan gaýtdy. Orsýet ulaglaryň üstündäki 2 000 tonna çemesi ýüküň gözgalaňçylaryň elindäki Lugansk şäheriniň ýaşaýjylary üçin niýetlenen kömekden ybaratdygyny aýdýar.

Moskwa Ukrainany “emeli bahanalary” öňe sürmekde aýyplansoň, ýük ulaglary serhetden birugsat geçdi we Ukrainanyň çäklerine girdi.

Moskwanyň “delilleri”

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Aleksandr Lukaşewiç 22-nji awgustda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda “Gumanitar betbagtçylygy başdan geçirýän ýerleriň ilatyna kömegiň ýetirilmegini yza tesdirmek üçin ulanylan ähli bahanalar gutardy” diýdi.

Şeýle-de Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň beýannamasynda “Orsýet tarapy herekete geçmek kararyna geldi. Ynsanperwer ýükleri göterýän kerwenimiz Luganska tarap herekete başlady” diýilýär.

Orsýet Gyzyl Haç Jemgyýetiniň wekilleriniň kerweniň ýany bilen gitmäge taýýar bolandyklaryny we gumanitar kerweniň ýolunda ähli howpsuzlyk şertlerine kepil geçilendigini”, şeýle-de ukrain resmileriniň barlaglaryna uzak wagtlap garaşandygyny aýtdy.

Orsýetiň ýük maşynlarynyň serhetden geçmekden ozal barlanyp-barlanmandygy mälim edilmedi.

ITAR-TASS agentligi Orsýetiň gümrük gulluklaryna salgylanyp, Orsýetiň we Ukrainanyň gümrük resmileriniň bilelikde 34 ulagda zerur barlag çärelerini geçirendiklerini habar berdi. Halkara Gyzyl Haç Jemgyýeti Ukrainanyň serhet gözegçileriniň Orsýetiň ulaglaryny barlap başlandygyny 21-nji awgustda Tweetter arklaly habar beripdi.

BMG gündogar Ukrainada birnäçe aýlap dowam edýän söweşler zerarly 2000 çemesi adamyň wepat bolandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG