Sepleriň elýeterliligi

Kiýew: Serhetçiler hüjüme duçar boldy


Ukraina öz serhetçilerine onlarça harby ulag tarapyndan hüjüm edilendigini aýdýarlar. Kiýew bu ulaglaryň Ukrainanyň giňişligine Azow derýasynyň golaýynda Orsýet tarapyndan girendigini aýdýar.

Frans Press agentligi Ukrainanyň howpsuzlyk gulluklarynyň metbugat-wekili Leonid Matýukine salgylanyp, Donetsk regionynda Mariupol şäherine golaý ýerde separatistleriň kolonnasynyň geçendigini habar berdi.

“Kerwen serhet gözegçileri tarapyndan saklandy” diýip, Matýukin “söweşler dowam edýär” diýdi.

Söweşleriň Azow derýäsyndaky Nowoazowsk şäheriniň golaýynda Orsýetiň serhedinden 10 kilometr uzaklykda bolandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG