Sepleriň elýeterliligi

ŞHG harby türgenleşik geçirýär


Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasyna agza Hytaýyň, Orsýetiň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň we Täjigistanyň jemi 7 000 çemesi harbysy bilelkdäki harby türgenleşik geçirýär. Orsýetiň we Hytaýyň mediasy munuň guramanyň taryhyndaky iň uly türgenleşikdigini habar berdiler.

Terrorçylyga garşy alty günlük türgenleşikler Hytaýyň içerki Mongoloiýa awtonom regionynda 24-nji awgustda başlandy. Harby türgenleşikler gury ýer we howa goşunlarynyň, howadan goranyş we radio-elektronika goranyş sistemalarynyň gatnaşdyrylmagynda geçirilýär.

“Parahatçylyk missiýasy 2014” atlandyrylýan türgenleşiklere Hytaýyň goşun generalynyň orunbasary Wang Ning baştutanlyk edýär.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň alty döwleti öz içine alýan howpsuzlyk missiýasynda Orsýetiň we Hytaýyň täsiri agdyklyk edýär. Bu gurama NATO garşydaş hökmünde garalýar.

XS
SM
MD
LG