Sepleriň elýeterliligi

Yrak türkmenleriniň ýagdaýyna alada bildirilýär


BMG-niň Yrak boýunça missiýasynyň ýolbaşçysy Nikolaý Mladenow ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Amerli şäheriniň ýaşaýjylarynyň zuluma sezewar bolmagyna ýol bermezlige çagyrdy.

BMG-niň maglumatyna görä, Amerli şäheriniň ýaşaýjylary iki aý bäri suwsuz, azyksyz we elektrik togy bilen üpjünçiliksiz kösenýärler.

Mladenow Amerli şäheriniň ýaşaýjylaryna ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi we we olaryň ewakuasiýa edilmegi üçin hökümetleri çäre görmäge çagyrdy.

Munuň öňüsyrasynda yrak şaýylarynyň lideri aýatolla Ali Sistani Amerli şäherinde ýaşaýan 20 müň çemesi türkmenleriň agyr ýagdaýda galýandygyny aýdyp, aladalanma bildiripdi.

25-nji awgustda BMG-niň adam hukuklary boýunça baş komissary Nawi Pillaý halkara jemgyýetçiligini we hökümetleri Yragyň etnik we dini azlyklaryny goramaga çagyryp, azyndan 13 000 şaýy türkmeniň iýun aýyndan bäri Yragyň Salahuddin welaýatynda yslamçylaryň gabawynda galýandygyny aýratyn nygtady.

Yrakda “Yslam döwletiniň” söweşijileriniň gözegçiligindäki giňişliklerde 1 milliondan gowrak adam öz öýlerini terk etmäge mejbur bolupdy.

XS
SM
MD
LG