Sepleriň elýeterliligi

Damask Waşingtona duýduryş berdi


Damask Waşingtony öz giňişliginde özünden birugsat söweşijilere garşy howadan zarba urmazlyga çagyrdy.

Siriýanyň daşary işler ministri Walid al-Moallemyň 25-nji awgustda Damaskda aýtmagyna görä, Siriýanyň hökümeti özünden birugsat “islendik tarapyň” eden hereketine agressiýa hökmünde sereder.

Şeýle-de al-Moallem Siriýanyň yslam terrorçylaryna garşy söweşde halkara jemgyýetçiligi bilen işleşmäge-de taýýardygyny aýtdy. Onuň soňky çykyşy ABŞ-nyň Yrakda Siriýanyň serhedine golaý ýerde “Yslam döwletiniň” söweşijilerine garşy howadan amala aşyrýan hüjümlerine Damaskyň ilkinji resmi reaksiýasy boldy.

XS
SM
MD
LG