Sepleriň elýeterliligi

Kiýew 'Orsýetiň' harby kerwenine garşy durýar


Orsýetiň ynsanperwer ýňklerini getirýän maşynlar

Orsýetiň ynsanperwer ýňklerini getirýän maşynlar

Ukraina öz serhet goragçylarynyň Orsýetden öz territoriýalaryna getirilendigi aýdylýan bronly maşynlara hüjüm edendiklerini aýdýar. Bu habar Moskwanyň bu ýurda ikinji kömek kerwenini ugratmak niýetini yglan eden wagtyna gabat geldi.

Ukrainanyň howpsuzlyk sözçüsi Leonid Matýuhin onlarça tankyň we bronly tehnikanyň 25-nji awgustda, port şäheri Mariupulyň golaýynda serhetden geçirilendigini aýtdy.

"Bu konwoý serhet goragçylary tarapyndan saklanyldy, söweş dowam edýär" diýip, Matýuhin aýtdy.

Aýdylmagyna görä, bu çaknyşyklar Nowoazowsk şäheriniň golaýynda, Orsýetiň Azow deňzindäki serhetinden 10 km çemesi uzaklykda bolup geçýär.

Hökümete tarapdar Azow milisiýasynyň komandiri Semen Semençenko öz Feýsbuk sahypasynda bu kolonnanyň Nowoazowskä tarap hereketiniň serhediň beýle tarapyndan top oky bilen garşy alnandygyny aýtdy.

Ol 50 çemesi bronly tehnikanyň serhetden geçendigini, olaryň 40 sanysynyň Mariupula tarap ugur alandygyny aýtdy.

"Basybalyjylyk amala aşýar"

"Rus basybalyjylary basybalyjyklaryny amala aşyrýarlar” diýip, ol aýtdy.

Ukrainanyň harby sözçüsiniň «Donbas söweşijileriniň keşbindäki rus goşunlary gündogar Ukrainada ikinji fronty açydylar» diýen sözleri sitirlendi.

Ol Nowoazowsk bilen Mariupulyň arasyndaky uly ýoluň entegem ukrain güýçleriniň kontrollugy astyndadygyny aýtdy.

Gündogar Ukrainadaky söweş häzire çenli esasan pitneçileriň eýelän iki uly şäheriniň, Donetsk bilen Luhankskiň töwereginde, Mariupulyň demirgazygynda gidýärdi.

Şu aralykda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 25-nji awgustda žurnalistlere Moskwanyň Ukraina ikinji ynsanperwer kömegi hem ugratmagy planlaşdyrýandygyny, şeýle-de bu işde Kiýewiň ykjam hyzmatdaşlygyna umyt baglaýandyklaryny aýtdy.

Uruş ýesirleriniň kemsidilmegi

Orsýet geçen hepde gündogar Ukraina ýük maşynlarynyň uly kerweninden düzülen kömek ibermek bilen, hem Kiýewiň, hem Günbataryň ýazgaryşyna sebäp boldy. Sebäbi bu kömek hökümetiň razylygyny almazdan we Gyzyl Hajyň ugratmazlygynda iberildi.

Şeýle-de Lawrow ukrain uruş ýesirleriniň hepde ahyrynda Donetskiniň köçelerinden paraddan geçirilmeginde hiç hili kemsitmä ýakyn hasaplanjak zady görmändigini aýtdy.

Habarçylar olara tomaşa edip duran adamlaryň «faşistler» diýip gygyrandyklaryny we başyny egip barýan tussaglary zir-zibil, boş çüýşeler bilen garşylandyklaryny aýdýarlar.

Bu çäre hukuk toparlary tarapyndan, Ženewa konwensiýasynyň düzgünleriniň bozulmagy hökmünde, giňden tankyt edildi.

Lawrow uruş ýesirlerine kemsidiji çemeleşme meselesini çözmegi ýuristlere goýalyň diýdi.

Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Martin Şefer 25-nji awgustdaky çäräni uruş belki-de jenaýatyna golaý bir zat hökmünde ýazgaryp çykyş etdi.

Şeýle-de Lawrow, eger netije bolsa, Moskwanyň Ukrainadaky konflikti soňlamak üçin islendik görnüşdäki diplomatiýany ulanmak isleýändigini aýtdy.

Onuň bu sözleri Minskide ukrain krizisini çözmäge bagyşlanan gepleşikleriň geçiriljek wagtynyň öň ýanynda aýdyldy, bu gepleşige rus prezidenti Wladimir Putin bilen ukrain prezidenti Petro Poroşenkonyň, şeýle-de Ýewropa komissiýasynyň resmileriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

BMG-niň maglumatlaryny görä, bu konflikt netijesinde 2 müňden gowrak adam öldürildi, 340 müň çemesi adam bolsa öz ýaşaýan ýerinden gaçmaga mejbur boldy.

XS
SM
MD
LG