Sepleriň elýeterliligi

St.Petersburg: Žurnaliste hüjüm edildi


Orsýetiň “Eho Moskwy” radiosynyň habarçysy Sankt Petersburg şäherinde Ukraina goldaw bildirip geçirilen piketler barada habar berýän wagty hüjüme sezewar edildi.

Ady köpçülige mälim edilmedik hüjümçi žurnaliste topulyp, ençeme sapar urdy. Arseniý Wesnin keselhana eltildi, onuň beýnisiniň sarsandygy we kelle çanagyna zeper ýetendigi anyklandy.

25-nji awgustda polisiýa tussag edilen hüjümçini boşatdy we onuň hereketine maýda huligançylyk hökmünde seredilendigi aýtdy.

St.Petersburg şäheriniň kanun çykaryjylary şäher häkimi Georgy Poltawçenkony bu wakany öz şahsy gözegçiligine almyp, hüjümçiniň jogapkärçilige çekiljegine kepil geçmäge çagyrdylar.

XS
SM
MD
LG